Arkadag futbol topary 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini saklaýar

Arkadag futbol topary 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini saklaýar

Aşgabatda geçirilen iki duşuşyk bilen Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry tamamlandy.Nusaý stadionynda Arkadag futbol topary milli birinjiligiň yzda barýan toparlarynyň biri bäş tapgyrdan soň 1 utuk bilen 7-nji orunda barýan Aşgabat futbol toparyny kabul etdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň hereket edýän üç gezek çempionynyň doly artykmaçlygynda geçdi we onuň 3:0 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.Hasaby 44-nji minutda Güýçmyrat Annagulyýew açdy.Ikinji ýarymda Resul Hojaýew (63-nji minut) we Rahman Myratberdiýew (69-njy minut) tapawutlanyp, toparynyň artykmaçlygyny berkitdiler.

Duşuşyga E.Annamyradowyň (Balkanabat) ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat etdi.Bu ýeňiş Arkadag toparyna 18 utuk toplamaga we ýaryş tertibinde iň ýokary netije bilen öňdeligini dowam etdirmäge mümkinçilik berdi. Öňbaşçynyň iň ýakyn bäsdeşi Altyn asyr topary hem bu tapgyrda ýeňiş gazandy.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky öz meýdançasynda Türkmenbaşynyň Şagadam toparyny kabul edip, 2:0 hasabynda üstün çykdy.Duşuşygyň 15-nji minudynda Abdyrahman Annamyradow ilkinji goly geçirdi. 74-nji minutda bolsa myhmanlaryň oýunçysy Toýly Batyrowyň öz derwezesine geçiren goly netijesinde Altyn asyr toparynyň artykmaçlygy artdy.

Duşuşygy aşgabatly FIFA-nyň emini Resul Mämmedow dolandyrdy.Alty tapgyryň netijeleri boýunça öňdäki üçlükde utuklaryň bäsdeşligi örän ýiti bolup galýar.Arkadag topary 18 utuk bilen birinji orny ynamly eýeleýän bolsa, ikinji orun ugrunda Altyn asyr (13 utuk) bilen Ahal (11 utuk) toparlarynyň arasynda ýiti bäsdeşlik dowam edýär.

Iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda 5 gol bilen (2-si jerime urgudan) Serdar Gulyýew (Şagadam) öňde barýar.Mekan Aşyrowyň (Altyn asyr), Didar Durdyýewiň (Arkadag) we Süleýman Mirzoýewiň (Ahal) hersiniň hasabynda 4 gol (1 jerime urgudan) bar.

Milli birinjiligiň birinji aýlawyna jemleýji boljak 7-nji tapgyryň duşuşyklary 10-njy maýda geçiriler. Şol gün aşakdaky toparlar duşuşarlar: Şagadam Merw, Nebitçi Altyn asyr, Aşgabat Ahal we Köpetdag Arkadag.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Kubok bäsleşigine badalga berildi:  “Arkadag” “Energetik”- 4:0
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär