Arkadag futbol topary Altyn asyr toparyny uly hasap bilen ýeňip, beýleki toparlardan arany açdy

Arkadag futbol topary Altyn asyr toparyny uly hasap bilen ýeňip, beýleki toparlardan arany açdy

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyry Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen iki duşuşyk bilen başlandy. Şu tapgyryň merkezi wakasy akylly şäherde geçirilen duşuşyk boldy, onda ýaryş tertibine baştutanlyk edýän ýerli Arkadag topary özüniň iň golaý yzda barýan bäsdeşi Altyn asyr toparyny kabul etdi.

Oýun başlanmazdan öň stadionyň üstünden güýçli ýagyş ýagdy, ýöne bu meýdança-da, duşuşyga gatnaşyjylaryň keýpine-de päsgel bermedi.Oýun ýurdumyzyň häzirki çempionynyň aç-açan artykmaçlygynda geçdi.Duşuşygyň 27-nji minudynda Didar Durdyýewiň takyk urgusyndan soň Arkadag topary hasapda öňe saýlandy.

Ikinji ýarymda Arkadag topary 14 minudyň dowamynda garşydaşynyň derwezesine ýene-de dört pökgi girizip, duşuşygy uly hasaply ýeňiş 5:0 bilen tamamlady. 55-nji minutda Baýram Ataýew tapawutlandy, 64-nji minutda Didar Durdyýew jerime urgusyny takyk ýerine ýetirip, dubl etdi. Ýazgylyç Gurbanow (65-nji minut) we Arzuwguly Sapargulyýew (69-nji minut) bolsa garşydaşyň doly ýeňlişe sezewar edilmegini jemlediler. Ýekeje oýunda-da utulman, 10 duşuşykda onunjy ýeňşini gazanan Arkadag futbol topary iň ýokary görkezijini 30 utugy toplady we Altyn asyr topary bilen aradaky tapawudy 11 utuga çenli artdyrdy.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda Aşgabat köpugurly stadionyň merkezi meýdançasynda paýtagtymyzyň Köpetdag topary bilen Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam topary güýç synanyşyp, ýeňijini anyklap bilmediler we oýun 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy.Bu oýundan soň Şagadam 12 utuk bilen dördünji ornuny saklap galdy, 5 utugy bolan Köpetdag bolsa ýaryş tertibiniň aşaky hatarynda ýerleşýär.

Iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň bäsleşiginde Arkadag toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew öňdeligini has-da pugtalandyrdy. 10-njy tapgyrda dubl eden futbolçy öz hasabyndaky gollaryň sanyny 9-a (2-si jerime urgy) ýetirdi. 2-nji we 3-nji orunlary 5 gol bilen Süleýman Mirzoýew (Ahal) we Serdar Gulyýew (Şagadam) paýlaşýarlar. Şunda birinji oýunçy jerime urgusyndan 1, ikinjisi bolsa 2 pökgi girizdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy