Arkadag topary Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňdeligini barha berkidip, yz ýanyndan gelýän toparlardan 5 utuga çenli öňe saýlandy.Bu ýagdaý 5-nji tapgyrdan soň emele geldi.
Arkadag topary myhmançylykda Balkanabadyň Nebitçi toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi, öňdäki topardan 3 utuk yza galan Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam topary bolsa öz meýdançasynda Ahal toparyndan 1:3 hasabynda utuldy.
Häzirki üç gezek Türkmenistanyň çempiony Balkanabatda geçirilen duşuşykda Abdy Bäşimowyň (72-nji minutda) we Arzuwguly Sapargulyýewiň (86-njy minutda) geçiren pökgüleri netijesinde ýeňiş gazandy. Şagadam topary üçin duşuşyk başda şowly başlandy. 30-njy minutda Ýagşysähet Döwletgeldiýew hasaby açdy 1:0.
Emma 7 minutdan soň Süleýman Mirzoýew hasaby deňledi 1:1. 72-nji minutda myhmanlar Nazar Towakelowyň takyk urgusyndan soň öňe çykdylar. 83-nji minutda Begenç Gylyçnyýazowyň iki sany sary kartoçka alandygy sebäpli ýer eýeleri azlykda galdylar.
Bäşim Gurbanberdiýew goşmaça wagtyň 94-nji minudynda Ahal toparynyň peýdasyna hasaby 3:1-e ýetirdi. Şagadam topary yzly-yzyna ikinji gezek ýeňlenden soň, 9 utuk bilen ýaryş sanawynda üçünji orna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Ahal topary gaýtadan ýeňiş gazanyp, 8 utuk bilen dördünji orna çykdy.
Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda öz meýdançasynda Marynyň Merw toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, Altyn asyr topary ýaryş sanawynda ynamly öňe gitmegini dowam edýär. Ýer eýeleriniň iki pökgüsini 71-nji we 81-nji minutlarda Mekan Aşyrow tora girizdi.
Bu onuň häzirki çempionatda tora salan ilkinji jübüt pökgüsi.Bu ýeňişden soň Altyn asyr topary 10 utuk bilen ikinji orna çykdy we Arkadag toparyndan 5 utuk yzda galýar.
Aşgabat we Köpetdag toparlary paýtagtymyzyň Nusaý stadionynda geçirilen duşuşygynda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, ilkinji utuklaryny gazandylar.Bu oýunda iki pökgi hem jerime urgusyndan tora girizildi: ilki 81-nji minutda Aşgabat toparynyň futbolçysy Söhbet Allanurow pökgi geçirdi, soň bolsa 89-njy minutda pökgini Arslan Saparow geçirdi.
Bäş tapgyrdan soň, Şagadam toparyndan Serdar Gulyýew bäş pökgi bilen (olaryň ikisi jerime urgusyndan) birinji orunda barýar.Altyn asyr toparyndan Mekan Aşyrow we Arkadag toparyndan Didar Durdyýew bir gol yzda galýarlar, her biri bir jerime urgusyny amala aşyrdy.
Altynjy tapgyryň duşuşyklary 2 3-nji maýda geçiriler. 2-nji maýda Merw topary Köpetdag topary bilen, Ahal topary bolsa Nebitçi topary bilen, 3-nji maýda bolsa Arkadag topary Aşgabat topary bilen, Altyn asyr topary bolsa Şagadam topary bilen duşuşar.
