Arkadag şäherinde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

Arkadag şäherinde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Arkadag şäherinde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan Germaniýa bilen söwda-ykdysady ugurda netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şunda gurluşyk ugry boýunça gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi möhüm ugur hökmünde kesgitlendi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň Germaniýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen ýola goýan netijeli gatnaşyklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýangyç-energetika toplumy, maşyn gurluşygy, ulag hem-de logistika, oba hojalygy, gurluşyk senagaty we senagatyň başgada birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi.

Arkadag şäher häkimliginiň binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda nemes tarapynyň wekili öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäkileriň orunlaryň birini eýeleýän, bu ugurda özüniň toplan tejribesini, täzeçe ylym we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugurda gazanýan üstünlikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny nygtadylar. Şunda Türkmenistanyň we Germaniýanyň saglygy goraýyş ulgamy, aýratyn hem derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygy nygtaldy.

Germaniýaly hyzmatdaş geljegiň şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça häzirki zaman toplumlarynyň taslamalaryny taýýarlamak we olary gurmak barada degişli teklipleriň taýýarlanandygyny aýratyn belledi. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda, hususanda derman senagatynda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine giň ýol açar.

Duşuşygyň dowamynda germaniýaly işewürleriň geljegi uly bolan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan islegler beýan edildi. Duşuşykdan soňra German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň liftleri dolandyryş ulgamynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde şäheriň binalarynda liftleri oturtmak, olaryň dolandyryş düzümlerini kämilleşdirmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda özara pikir alyşmalar boldy.

Ýene degişli makalalar

Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
Ýylyň garaşylýan filmleri
Türkmenistandaky çagalar gaznasynyň işi halkara derejede alnyp barylýar
Türkmenistandaky çagalar gaznasynyň işi halkara derejesinde alnyp barylýar
Sintetik ýangyç öndürýän desga açyldy
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy