Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalary gurlar

Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalary gurlar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylar bilen iş maslahatyny geçirdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, döwlet Baştutanynyň iş saparynyň barşynda ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň hem-de ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň teklip edilýän Baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy-önümçilik tejribe meýdany, şunda ýüpekçilik we ösümlikleri goramak işlerini geçirmäge, ot-iýmlik ekinler, miweli baglar we üzümçilik, ýyladyşhana toplumy, gökçülik we bakjaçylyk, gowaça hem-de bugdaý ekmek üçin niýetlenen ýer bölekleri, olaryň möçberi, synag meýdançasynyň teklip edilýän görnüşleri barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, obasenagat toplumynyň düzümleri üçin zerur bolan ylmy açyşlaryň, bu ugra degişli ylmy işleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany taslamalara täzeden seretmegi, şeýle hem binalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň hem-de Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ýolbaşçylary Arkadag şäherinde obasenagat toplumyna degişli ylmy-barlag önümçilik institutlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilmeginiň pudagyň ylmy esasda ösdürilmeginde ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar we kabul edilen çözgütler üçin döwlet Baştutanyna toplumyň ähli düzümleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň işgärleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ugurdaş düzümleriň, şol sanda ylmy-barlag we önümçilik institutlarynyň gurulmagynyň ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň tejribe arkaly berkidilmeginde aýratyn ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, şunda uniwersitetde bilim alýan talyplar ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşykda bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda has-da ösdürmegiň ugurlaryny içgin özleşdirmelidirler.Olar nazaryýetde alan bilimlerini tejribede, ylmy önümçilikde yzygiderli berkitmelidirler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň täze ylmy açyşlarynyň we öňe sürýän teklipleriniň içgin öwrenilmelidigini, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen medeniýeti — dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
24-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanyň alymlary metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak meselesiniň üstünde işleýärler, dekabr aýynda Türkmenistanda birnäçe medeni çäreler geçiriler, Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar
Sowuklama bilen kesellemegiň dürli ýurtlara näçä durýandygyny hasaplandy
Astronomlar ýaşaýyş üçin ýaramly çaklanýan 85 sany planetany tapdylar