Türkmenistanyň alymlary metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak meselesiniň üstünde işleýärler, dekabr aýynda Türkmenistanda birnäçe medeni çäreler geçiriler, Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanyň alymlary metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak meselesiniň üstünde işleýärler, dekabr aýynda Türkmenistanda birnäçe medeni çäreler geçiriler, Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmengaz döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazylmytaslama instituty tarapyndan metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak meselesiniň üstünde işleýärler. Munuň üçin alymlar energetika, senagat we ulag ulgamlarynda döwrebap, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak ýaly birnäçe anyk çäreleri işläp düzdüler.

2. Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistan dekabr aýynda birnäçe medeni çäreleri we dabaralary geçirmäge taýýarlyk görýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar guralar, mundan başga-da, Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisini, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisini, dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligini, türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.

3. Turin şäherinde DARYA taslamasy boýunça ýokary derejeli toparyň ýygnagy geçirildi. Bu çärä bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Respublikadaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri hem girdiler. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary öz çykyşynda ýurtda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty we durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli ösüş maksatnamalary barada gürrüň berdi.

4. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň wekillerinden ybarat wekiliýet Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanyp Yslamabatda geçiriljek ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin Pakistana ugrady.

5. 29-njy noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

6.Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň geljekki ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk meýdançasynda orta asyrlara degişli gymmatlyklar tapyldy.Bagtyýarlyk etrabynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde keramika, syrçaly, syrçasyz we aýna gap-gaçlar, küýzeler, çyralar, samowarlar, bürünç gaplar, nallar, palçykdan edilen turbalar hem-de degirmen daşlary tapyldy.

Gurluşyk kärhanasynyň işgärleri bu barada derrew Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligine habar berdiler.Soňra tapyndylar eýýäm arheolog alymlar tarapyndan ýeriň ýüzüne çykaryldy, dikeldildi we öwrenildi.

В мире

7. 24-nji noýabrda Täjigistanda Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Bu baýramçylyk Respublikanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gol çeken Permanyna laýyklykda, bilen 2009-njy ýylda döredildi. Duşanbe şäherinde Täjigistanyň baýdagyny galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurduň raýatlaryny baýramçylyk mynasybetli gutlady.

8.Beýik Britaniýanyň topary Tokioda geçirilen bäsleşik esasynda zibil ýygnamak boýunça ilkinji dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.Bäsleşige 20-den gowrak ýurtdan toparlar gatnaşdy.Beýik Britaniýa jemi 57,27 kg zibil ýygnap, 9 müň utuk gazandy.

Bäsleşik Tokionyň köçelerinde boş bankalary, plastik böleklerini we çilim galyndylaryny gözlemek bilen baglanyşykly boldy.Ellik, metal tutawaç we zibil torbalary bilen üpjün edilen üç agzadan ybarat her bir topar ýygnan zibiliň mukdaryna we görnüşine görä utuk aldy.

Sport habarlary

9.Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ýaryşa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.Muzeýiň myhmanlary binanyň iki gatynda ýerleşýän sekiz bölümde ýerleşdirilen gymmatlyklary synlap, Türkmenistanyň köp asyrlyk taryhyna aralaşdylar.

Bu ýerde muzeýiň işgärleri daşary ýurtly tälimçileri we türgenleri arheologiki tapyndylar, milli gymmatlyklar we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar.Türkmen paýtagtynyň muzeýlerine gezelenç mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Men ilkinji gezek Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilende bolup gördüm. Şol ýyllaryň dowamynda Aşgabat, gürrüňsiz, has gözelleşipdir, köp sanly ajaýyp desgalar, şol sanda sport desgalary gurlupdyr diýip, Gazagystan Respublikasynyň Kuraş federasiýasynyň prezidenti Bahrom Muminow belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: WEPA AWLÝAKULYÝEW DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: SABINA KADYROWA 16 ÝAŞDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: Jahan Muhammedowa kümüş medala mynasyp boldy
Kuraş 2023: Türkmenistan bäşinji kümşüni, Gazagystan ilkinji altynyny gazandy