ARKADAG ŞÄHERINIŇ GÖROGLY ADYNDAKY DÖWLET ATÇYLYK SIRKI

ARKADAG ŞÄHERINIŇ GÖROGLY ADYNDAKY DÖWLET ATÇYLYK SIRKI

Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde çekýän irginsiz zähmeti netijesinde, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli sirk sungatyny täze sepgitlere ýetirmek, şan-şöhraty bütindünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň, türkmen jigitleriniň gatnaşmagynda sirk sungatynyň dürli ugurlary boýunça tomaşa çärelerini guramak, türkmen sirkiniň medeni derejesini yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak we ilatyň medeniýetli dynç alyşyny guramagy düýpli gowulandyrmak, geljekde milli sirk sungatyny has-da ösdürjek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Arkadag şäheriniň görküne görk goşýan Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 29-na gurlup ulanmaga berildi.

Tehniki üpjünçilik taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän sirkiň kaşaň binasy Arkadag şäheriniň günorta tarapynda ýerleşýär.Sirkiň merkezinde ýerleşýän çykyşlaryny görkezmek üçin niýetlenen meýdançanyň diametri 13 metrden ybarat bolup, ondan sirkiň iň ýokary nokadyna çenli aralyk 26 metrdir.

Bu meýdançanyň daşynda tomaşaçylar üçin 1 müň 500 adamlyk oturymly ýerler göz öňünde tutulan.Sirk çykyşlaryny görkezmek üçin türkmeniň genji hazynasy bolan türkmen ahalteke atlary peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

Gymmaty egsilmejek kitap
Ile döwlet geler bolsa
Kitap ruhy hazyna
Magtymguly Pyragy - türkmeniň milli şahyry
Magtymguly Pyragy - berkararlyk şygary
Ýeňijileri gutlamak dabarasy geçirildi
Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz