Arkadag Serdarly eziz Watanym toý toýlaýar Pyragynyň şanyna

Arkadag Serdarly eziz Watanym  toý toýlaýar Pyragynyň şanyna

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Mukamlar köşgi bilen bilelikde Arkadag Serdarly eziz Watanym toý toýlaýar Pyragynyň şanyna atly söhbetdeşlik geçirildi.

Ýurdumyzda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dürli baýramçylyk dabaralary, döredijilik we duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär. Kitap sergileri guralýar. Şeýle hem öz bilşimiz ýaly, Magtymguly atamyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanan çeper we ylmy edebiýatlar, monografiýalar, şeýle hem ýazyjy şahyrlarymyzyň akyldar şahyrymyz hakynda ýazan ajaýyp eserleri yzygiderli çap edilip, okyjylarymyza ýetirilýär.

Çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda görülýän taýýarlyk, nusgawy şahyrymyz, türkmen şygryýetiniň almaz täji Magtymguly atamyzyň sözlerine ýurdumyzyň bagşy sazandalarynyň aýdýan ajaýyp aýdymlarydyr çalýan sazlary, şeýle hem Mukamlar köşgünde biziň ýaş bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän ajaýyp aýdymlary hakynda hem nygtap geçdiler.

Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümine hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümine gezelenç gurnaldy. Gezelenje gatnaşan myhmanlar şol bölümleriň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyş boldular.

Ýene degişli makalalar

Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi
Daşkentde türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaponiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde kärendesine alyp bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny