“Arkadag” topary 1/8 finala çykdy, “Al-Nassr” bilen bije çekişip biler

“Arkadag” topary 1/8 finala çykdy, “Al-Nassr” bilen bije çekişip biler

Aziýa futbol konfederasiýasynyň klublaryň arasyndaky 2-nji derejeli ýaryşy bolan AFK Çempionlar Ligasy 2 bäsleşiginde ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary uly başarnyk görkezdi.Toparçadaky iň soňky oýnunda “Arkadag” topary öz meýdançasynda Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen duşuşykda “Arkadag” topary 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu ýeke-täk goly 45-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, 6 oýnuň netijesinde utugyny 7-ä çykaran “Arkadag” topary toparçada 2-nji orna mynasyp boldy.Bu bolsa çempion toparyň indiki tapgyra çykandygyny aňladýar. Ýagny “Arkadag” topary AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda 1/8 finala adyny ýazdyrdy.

“B” toparçada 1-nji orna 10 utuk toplan Kataryň “Al-Ahli” topary mynasyp boldy. “Al-Ahli” topary jemleýji duşuşygynda Özbegistanyň “Andijon” toparyny Wlapyň (26, 65) gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, bu ýaryşda Günbatar sebiti boýunça “A” toparçadan “Al Wasl” (BAE) bilen “Esteglal” (Eýran), “B” toparçadan “Al-Ahli” (Katar) bilen “Arkadag” (Türkmenistan), “C” toparçadan Al-Hussein” (Iordaniýa) bilen “Sepahan” (Eýran) hem-de “D” toparçadan “Al-Nassr” (Saud Arabystany) bilen “Al Zawraa” (Yrak) toparlary ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

1/8 finalyň bijeleri 30-njy dekabrda, sişenbe güni çekiler. Ilkinji gezek bu ýaryşa gatnaşýan “Arkadag” toparynyň bijesine “Al Wasl”, “Al-Hussein” hem-de “Al-Nassr” toparlarynyň haýsy hem bolsa biri çykar. Günbatar sebiti üçin 1/8 finalyň duşuşyklary 10-11-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 17-18-nji fewralda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
TÝL ― 2022: Akmämmedow Köpetdagda muny başaran ilkinji futbolçy boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2022: Merw Köpetdagy ýeňip, ondan ara açdy
Ýokary liga ― 2023: Ýazgylyç Gurbanow Köpetdag bilen Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi
Türkmenistanda Ogulabat Berdimuhamedowany hatyraladylar, Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa pomidor eksport edijileriň esasylarynyň birine öwrüldi, Aşgabada MAZ AGPJ-niň wekiliýeti geldi we beýleki habarlar