Ýokary liga ― 2023: Ýazgylyç Gurbanow Köpetdag bilen Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi

Ýokary liga ― 2023: Ýazgylyç Gurbanow Köpetdag bilen Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynda tapawtulanan we täze möwsümiň ilkinji goluny geçiren Köpetdagyň hüjümçisi Ýazgylyç Gurbanow topar bilen Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi.

Ýokary ligada Köpetdagyň düzüminde 22-nji pökgüsini geçiren hüjümçi 21 golly topardaşy Öwezbaý Muhammetmyradowy yzda galdyrdy. Sanawy birinji basgançagyndaky Begenç Akmämmedowyň hasabynda bolsa 26 gol bar.

Resmi däl maglumatlara görä, Begenç Akmämmedowyň bu möwsümde başga toparda çykyş etmegine garaşylýar. Şonuň üçin hem Ýazgylyç Gurbanow çempionatyň açylyş duşuşygyndaky badyny we hyjuwyny gowşatmasa, gaýtadan döredilen Köpetdagyň düzüminde Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçy bolup biler. Ol Türkmenistanyň çempionatynda Köpetdagdan başga toparyň köýnekçesini geýenok.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Kubogy2026: ýarym finala çykmaga ýakyn toparlar
TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy badalga aldy
Arkadag futbol topary Altyn asyr toparyny uly hasap bilen ýeňip, beýleki toparlardan arany açdy
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
TÝL ― 2022: Merw Köpetdagy ýeňip, ondan ara açdy