Arkadag we Sankt-Peterburg hyzmatdaş şäherler bolarlar, Aşgabatda ýewreý Täze ýyly bellenildi, türkmen agyr atletikaçy Er-Riýadda geçirilen dünýä çempionatynda itekläp götermekde bürünç medal gazandy we beýleki habarlar

Arkadag we Sankt-Peterburg hyzmatdaş şäherler bolarlar, Aşgabatda ýewreý Täze ýyly bellenildi, türkmen agyr atletikaçy Er-Riýadda geçirilen dünýä çempionatynda itekläp götermekde bürünç medal gazandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistana saparynyň çäklerinde Arkadag şäherine bardy.Bu ýerde, şäher häkimliginiň binasynda täze şäheriň häkimliginiň ýolbaşçylarynyň russiýaly hyzmatdaşlary bilen duşuşygy geçirildi.Iki şäheriň arasynda netijeli dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.Resminamalara Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew hem-de Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow gol çekdiler.

2.Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýewreý Täze ýyly Roş ha-Şana bellenildi.Ilçi Ismail Haldi ýewreý jemgyýetiniň 30-dan gowrak wekilini we BAE-niň Türkmenistandaky ilçisini çagyrdy. 2023-nji ýylda ýewreý Täze ýyly 15 17-nji sentýabr aralygynda bellenilýär.

Açylyşda eden çykyşynda Ismail Haldi bu baýramçylygy wezipesine girişeli bäri bellemegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we ýolbaşçylaryna hyzmatdaşlygy hem-de goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

3.Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew Samara saparynyň çäklerinde Samara milli barlag uniwersitetiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.Duşuşykda gozgalan esasy mesele ýokary okuw mekdebinde türkmenistanly talyplaryň sanyny artdyrmak üçin şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly boldy.

Türkmen diplomaty häzirki wagtda Tatarystanyň paýtagtynda 8000-e golaý talybyň bilim alýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Russiýa Federasiýasynda kämil hünär bilim ulgamy bolan beýleki sebitler hem bar.

4.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen sanly ulgam ark¬aly iş maslahatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişi we suwaryş işleri geçirilýär.

Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlaryň netijeli işlemegi üçin degişli çäreler görülýär.Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalygy pudagnyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekip, möwsümleýin meýdan işleriniň ýokary derejede alyp barmagy tabşyrdy.

Dünýäde

5. Portugaliýanyň Anadiýa şäherinde häzirlikçe näbelli sebäbe görä, gyzyl çakyr saklanýan iki sany çelek ýaryldy. Gyzyl içgi şäheriň köçelerinde derýa ýaly akyp gitdi. Hiç kime şikes ýetmedi, ýöne çakyr öndürýän kärhana topraga we ýaşaýjylaryň öýlerine ýeten zyýan barada aladalanýar. Wakanyň sebäpleri ygtyýarly edaralar tarapyndan derňelýär.

6.Alymlar gysga TikTok wideolarynyň adamyň beýnisine we psihiki ýagdaýyna edýän täsirini öwrenmegi dowam etdirýärler.Güýmenje häsiýetli wideolaryň psihika ýetirýän ýaramaz täsiri barada duýduryşlar eýýäm ençeme gezek beýan edilipdi, ýöne indi alymlar TikTok-da gysga gülkünç wideolara dowamly tomaşa etmek sebäpli ünsi bir ýere jemlemek ukybynyň peselýändigi barada duýdurýarlar.

TikTok wideolaryna endik etmek aýratyn-da çagalar üçin has howpludyr.Olar bir meselä ünsi jemlemek ukybyny ýitirýärler we beýnisiniň dofamin ýetmezçiligini kanagatlandyryp biljek zady yzygiderli gözläp durýarlar.

Sport habarlary

7.Türkmenistanyň paýtagtynda tennis boýunça çempionat we ýetginjekleriň arasynda birinjilik ýaryşy başlandy.Bäsleşikler 11 17-nji sentýabr aralygynda Aşgabat köpugurly stadiondaky tennis meýdançalarynda geçirilýär.Bu ýaryşa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 273 tennisçi gatnaşýar. Ýetginjekler ýekeleýin görnüşde bäsleşerler, ulularyň arasynda bolsa jübütleýin ýaryşlar hem geçiriler.

Bu ýaryşlar 14 28-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda geçiriljek 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda halkara ýaryşlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy üçin saýlama tapgyrlaryň biridir. Şeýle hem Türkmenistanyň çempionatynda erkekleriň çykyşlarynyň netijelerine esaslanylyp, 16 23-nji oktýabr aralygynda Türkiýede geçiriljek Dewisiň kubogyna gatnaşjak toparlar dörediler.

8.Türkmen agyr atletikaçysy Gaýgysyz Töräýew Er-Riýadda geçirilýän Dünýä çempionatynda itekläp götermekde bürünç medal gazandy.Ol bu üstünligi 81 kilograma çenli agram derejedäki bäsleşikde gazandy, bu bäsleşikde 29 sany türgen baýrak ugrunda göreşdi.

Gaýgysyz silterläp götermekde ýedinji (150 kg), itekläp götermekde bolsa üçünji netijäni (193 kg) görkezdi.Netijede, Törýäýew iki tapgyryň netijesi boýunça 6-njy orny eýeledi.Häzirki dünýä çempionatynda Gaýgysyz iki tapgyryň netijesinde göteren agramy boýunça 343 kg bilen şahsy rekordyny goýdy. Şeýlelikde, ol Gawanada geçirilen ýaryşda öňki gazanan üstünligini 24 kg ýokarlandyrdy.

9.Aşgabatda ýurduň ähli welaýatlaryndan toparlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy.Erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda aşgabatly basketbolçylar ýeňiş gazandylar. Çempionat aýlaw ulgamy boýunça geçirildi.

Erkekler toparlarynyň arasynda Aşgabat 1 topary ýeňiş gazandy, Aşgabat 2 ikinji orny eýeledi, Mary topary bürünç medala eýe boldy.Zenanlar toparlarynyň arasynda Aşgabat 1 topary hemýeňiş gazanyp, Lebap we Balkan toparlarynyň basketbolçylaryndan öňe saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Gaýgysyz Töräýew Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty — 2023-de Türkmenistana ilkinji medaly sowgat etdi
Sankt-Peterburgyň gubernatory Serdar Berdimuhamedowy täze ýyl bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...
Peterburg Türkmenistan üçin birleşdirilen materiallardan gämiler gurar
Sankt-Peterburgyň kompaniýalary “Aşgabat siti”-niň gurluşygyna gatnaşmakçy