Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...

Şu gün agzybir we jebis türkmen halky parahatçylyk, ylalaşyk we ruhubelentlik ýagdaýynda beýik baýramçylygyny — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belledi.

Täze taryhy döwrüň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz bagly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän umumymilli dabaralar tutuş ýurdumyzda geçirildi.Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri milli Liderimiziň başyny başlan düýpli özgertmeleriniň, şeýle-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de oňyn, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň netijesi bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar olaryň kesgitleýji ýörelgesine öwrüldi.

Ýubileý — bu hemişe aýratyn sene bolup, ol geçilen uly ýoluň netijelerini jemlemäge hem-de geljege dykgat bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary, açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlis döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyna, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine hem-de ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine ygrarlydygyna şaýatlyk etdi.

Milli Liderimiz mejlisde çykyş edip, Garaşsyzlygyň ata Watanymyzyň täze taryhynyň başyny başlandygyny, biziň ähli üstünliklerimiziň we gazananlarymyzyň esasyna öwrülendigini aýratyn belledi.

Bellenilişi ýaly, gysga taryhy döwrüň içinde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esasy döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly öwrülişik bolup geçdi. Düýpli täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny hasyl etmäge mümkinçilik berdi.

Deňi-taýy bolmadyk özgertmelere beslenen gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda okgunly özgerýär. Bu gün türkmenistanlylar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, Watanymyzyň ähli sebitlerini, onuň alys künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň şaýatlary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olara gönüden-göni gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu şanly ýyl Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna täze, şöhratly sahypalary ýazdy.

Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň baş baýramçylygynyň şanyna binagärlik-gurluşyk açylyşlary, şeýle hem ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe möhüm çäreler geçirildi. Olar özygtyýarly ösüşiň geçen 30 ýylynda döwletimiziň durmuşynda bolup geçen ägirt uly özgerişlikleriň taryhy ähmiýetini halkara bileleşige açyp görkezmegi ugur edindi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlaryň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär, özi-de bu serişdeleriň 60 göterimden gowragy senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi. Adam maýasyna, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna hem köp serişdeler goýberildi.

Paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem sebitlerde täze obalaryň we şäherçeleriň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär.

Şu ýylyň diňe ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, döwrebap senagat, durmuş-medeni, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalar ulanmaga berildi, olar milli Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan toplumlaýyn döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň aýdyň nyşanlaryna öwrüldi.

Şonuň bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi has-da kämilleşdirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglylykda, ähmiýeti uly bolan täze, möhüm taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagyna badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn daşary syýasy ugry öz miwelerini berýär.

Milli Liderimiziň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp düzmäge, sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Bularyň hemmesi türkmenistanlylaryň kalbyny eziz Watanymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyndan dolduryp, özygtyýarly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek üçin ylham-joşgun berýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda açylan, baýramçylyk lybasynda belent mertebeli myhmanlary garşylan Döwlet münberiniň toplumy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň merkezine öwrüldi.

Münberde Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bar.

Ozal habar berlişi ýaly, bu uly şatlygy türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin Aşgabat şäherine daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan — Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem-de Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow geldiler.

...Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunyň ähli görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Köpetdag şaýolunyň ugry bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny göterip barýan Hormat garawulynyň atlylar toparynyň ugratmagynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň hormatyna dabaraly ýörişiň geçirilýän ýerine gelýär.

Milli Liderimiziň awtoulagy münberiň täze toplumynyň öňündäki meýdança gelip saklanýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň ýörişe doly taýýarlygy hakynda hasabat berýär.

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, harby ýörişe gatnaşýan goşunlaryň öňünden awtoulagly geçýär.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdanyň merkezinde — münberiň ýanynda saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenýär:

— Salam, hormatly esgerler we serkerdeler!

— Saglygyňyzy isleýäris, Belent Serkerdebaşymyz! — diýip, harby talyplar, esgerler we serkerdeler agzybirlik bilen jogap berýärler.

Soňra milli Liderimiz ýene-de dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlendi:

— Hormatly Watan goragçylary, sizi şanly baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn!

Esgerler we serkerdeler Belent Serkerdebaşymyza “Ura!” diýip üç gezek jogap berýärler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet münberine çykýar.

Şol wagt dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm:

— Belent Serkerdebaşymyza şöhrat! — diýip seslenýär.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde dabaraly saz ýaňlanýar.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Şol pursatda paraşutçylaryň topary asmandan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen meýdança gelip düşýär. Ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny wasp edýän goşgy setirleri okalýar. Hormat garawulynyň harby gullukçylary nyzam bilen baýdak sütüniniň ýanyna barýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň nyşany — Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe başlamaga rugsat berýär.

Dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm Belent Serkerdebaşymyza “Ura!” diýip, bäş gezek jogap berýär.

Meýdanda nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar. Bu gün olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini dowam edip, Watan goragçylary diýen belent ady buýsanç bilen göterýärler.

Döwletimiz türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň ygtybarly daýanjy bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak barada hemmetaraplaýyn alada edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär, olar üçin döwrebap, ýörite tehnikalar satyn alynýar.

Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin degişli şertleri döretmek, şol sanda täze nusgadaky harby şäherçeleri we serhet birikmelerini, Watan goragçylary hem-de olaryň maşgalalary üçin ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak degişli ugurda geçirilýän özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmen harbylary döwletimiziň aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnikalara we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Şunda milli Ýaragly Güýçleriň tutuş kuwwatynyň parahatçylyga we diňe parahatçylyga gulluk edýändigini aýratyn bellemek gerek.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Ata Watanymyzyň taryhynyň ähli döwürlerinde Tuga mukaddeslik hökmünde garalyp gelindi. Hormat garawulynyň Aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny alyp geçýärler.

Watançylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk türkmen halkynyň asyrlarboýy eýe bolan häsiýetleridir. Watana wepalylygyň, ýurdy goramagyň, gahrymançylygyň hemişelik nusgalaryny döreden şöhratly ata-babalarymyzyň şu günki nesilleri Watan öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýärler. Türkmen esgerleri döwrebap tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, nazary we söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler.

Münberiň öňünden dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler.

Baýramçylyk meýdançasyna zenan harby gullukçylary çykýarlar, olar ene topragymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny saklamaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär. Olary göreniňde, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerde saklanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Olaryň yzysüre ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge uly goşant goşýan içeri işler edaralarynyň serkerdeler düzümi geçýär. Harby ýörişi Milli howpsuzlyk ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär.

Meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleri geçýärler. Olar berkarar Watanymyzyň dostluk we doganlyk serhetlerini, döwletiň hem-de halkyň mizemez daýanjyny, rowaçlygyny we abadan durmuşyny alamatlandyrýan mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deýin goraýarlar.

Harby ýörişe ilkinji gezek Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary gatnaşýarlar.

Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, degişli bilim we ylym derejesini ösdürmek, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş esgerleri Watana çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek üstünlikli amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda harby bilimiň bir bitewi ulgamy döredildi.

Harby düzümleriň okuw mekdeplerinde milli harby işgärleriň täze nesli kemala gelýär. Şolarda bilim bermegiň hiline we netijeliligine, hünär, ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap harby tehnikalary hem-de enjamlary dolandyrmak endigine aýratyn üns berilýär. Umuman, türkmen goşunynyň geljegi ygtybarly ellerdedir.

Döwlet münberiniň öňünden Harby institutyň harby talyplary — geljekki motoatyjylar we tankçylar — söweşjeň we nazary taýýarlygyň ussatlary geçýär.

Meýdançadan Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary geçýärler. Birnäçe ýyldan olar — geljekki serkerdeler ata Watanymyzyň deňiz çäklerini gorarlar.

Olaryň yzysüre Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň hem-de Serhet institutynyň talyplary geçýärler.

Döwlet münberiniň öňünden motoatyjy esgerler dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Ýaragly Güýçlerimiziň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň iň gowy wekilleri: edermen harby uçarmanlar, artilleriýaçylar, asmana atyjylar harby ýörişiň hatarlary bilen barýar. Olaryň hemmesi berkarar Watanymyzyň hakyky buýsanjy, mizemez galkany bolup durýar.

Soňra meýdan boýunça Inžener we Tank goşunlarynyň harby gullukçylarynyň batalýony geçýär.

Olaryň yzy bilen raýat goranyş we halas ediş batalýony gadam urýar. Onuň esasy wezipesi adatdan daşary ýagdaýlarda dessin kömek etmek we şol ýagdaýlaryň täsirlerini aradan aýyrmak bolup durýar. Dabaraly ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynda deňiz-pyýada batalýonynyň şahsy düzümi hem bar.

Esgerleriň we serkerdeleriň aýak urşunyň dürslügi we gözelligi, harbylaryň hatarlarynyň bitewüligi, münberiň öňünden geçýän şahsy düzümler buýsanç duýgyňy belende göterýär.

Baş meýdançadan dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly batalýonlary geçýär. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmen edermen diýlip atlandyryldy.

Olar türkmen halkynyň Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly, beýik şahsyýetleriniň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýärler.Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr.

Bu düzümiň nyşanynda alabaýyň şekiliniň bolmagy tötänden däldir. Çünki onda şol häsiýetleriň hemmesi jemlenendir.Toparyň ykjamlygy olaryň öňünde durýan söweşjeň wezipeleri takyk we dessin çözmäge mümkinçilik berýär.

Asyrlarboýy uly milli dabaralara gatnaşyp gelýän ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň ýörişi dabaranyň bezegine öwrüldi.

Gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen ahalteke bedewi täze taryhy döwürde Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrüldi. Behişdi bedewleriň muşdagy bolan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ýurdumyzyň atçylyk däplerini aýawly saklamak we dowam etmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenler köp asyrlaryň dowamynda öz atyna wepaly ýoldaş hökmünde garap geldiler. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri Watan goragçylarynyň ýakyn kömekçilerine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby birikmelerinde atçylyk bölümleri döredildi.

Harby gämileriň gözden geçirilişi şu günki dabaranyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Çärä gatnaşyjylar Döwlet münberiniň meýdançasynda oturdylan ägirt uly monitorlarda göni ýaýlymda, şol bir wagtda Hazarda portuň giňişliginde geçýän baýramçylyk ýörişine hem tomaşa etdiler.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň birikmesi döredilip, ol Hazar deňzinde serhedimiziň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegi ugur edinýär.

Häzirki wagtda harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, şeýle hem döwrebap tehnikalary we enjamlary, gämileri satyn almak, ýurdumyzda gämileri gurmak boýunça anyk çäreler görülýär, harby deňizçileriň söweşjeň hem-de nazary taýýarlygy ýokarlanýar. Olaryň birkemsiz gulluk etmegi, oňaýly ýaşamagy we dynç almagy üçin şertleri yzygiderli gowulandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Görkezme-taktiki türgenleşik okuwlarynyň barşynda harby deňizçiler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň wekilleri bilen sazlaşykly hereket edip, ýokary söweşjeň tälimi, deňizdäki serhedimiziň we umuman, döwletimiziň, türkmen halkynyň asuda durmuşynyň howpsuzlygyny goramak işinde döwrebap tehnikalara ussatlyk bilen erk edişlerini görkezýärler.

Ýurdumyzyň deňizdäki çäklerini ygtybarly goramak, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty döredildi. Harby-deňiz güýçleri üçin işgärleri taýýarlaýan bu ýokary harby okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işi döwrüň ýokary talaplaryna kybap gelýär.

Dabaraly harby-deňiz ýörişi ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçlerine täze kabul edilen hem-de takyk, döwrebap ýaraglar bilen üpjün edilen Deňiz han atly korwet taslamaly söweşjeň gämisiniň ýüzüşi bilen başlanýar.

Onuň yzy bilen Edermen we Gaýratly raketa gämileri dabaraly ýüzüşini dowam edýärler. Molniýa taslamaly bu raketa gämileri deňiz çäklerimiziň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Dabaraly harby-deňiz ýörişini galkan görnüşli Algyr we Hanjar serhet gorag gämileri hem-de 6 sany galkan görnüşli Arkadag, Erkana, Asuda, Mergen, Hüşgär, Synmaz atly serhet gorag gämileri dowam edýär. Olar deňiz çäklerimizi goramak işinde tapawutlanmagy başardylar.

Dabaraly harby-deňiz ýörişiniň hatarlaryny 4 sany Sakçy taslamaly serhet gorag gämileri dowam edýär. Ezber, Kämil, Galjaň, Gaplaň atly gämiler deňiz araçäklerimizi eserdeňlik bilen goraýarlar.

Monitorda tomaşaçylar Berdaşly atly ýokary tizlikli, uly göwrümli howa ýassykly serhet gorag gämisini synlaýarlar. Bu gämi deňizde we deňziň ýalpak ýerlerinde hereket edip, desant toparlaryny düşürmek wezipelerini ýerine ýetirýär.

Dabaraly ýörişi Umman atly gidrografik gämi dowam edýär. Bu gämi Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir. Gämi deňizde batimetriki ölçeg, deňiz düýbüniň gurluşyny barlamak, suwasty wideo we foto ýazgy etmek, suwuň düzümini öwrenmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.

Soňra portuň giňişligi boýunça Harby-deňiz güýçleriniň Eserdeň atly 60 metr labyr göçüriji tirkeg-üpjünçilik gämisi geçýär. Ol gämileri ýangyç, agyz suwy, azyk we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek, halas ediş işlerini ýerine ýetirmek, heläkçilige uçran gäminiň şahsy düzümini halas etmek wezipesini ýerine ýetirýär.

Dabaraly ýöriş Harby-deňiz güýçleriniň Gujurly we Döwlet serhet gullugynyň Zarply tirkeg gämileri bilen dowam edýär. Bu tirkeg gämileri deňizde halas ediş işlerini geçirmek, ýangyna garşy göreşmek, gämileri çekmek we itmek işlerine goldaw bermek üçin niýetlenendir. Gäminiň tizligi 11 uzel, ekipažy bolsa 6 adam.

Döwlet serhet gullugynyň Kuwwatly ýük göteriji gämisi hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň Berkarar desant kateri Hazar deňzinde dabaraly ýüzüşi dowam edýärler. Olaryň kömegi bilen ýörite maksatly toparlary, desantlary hem-de söweş tehnikalaryny düşürmek, kenardan-kenara alyp gitmek we getirmek işleri ýerine ýetirilýär.

Olaryň yzysüre Döwlet serhet gullugynyň 4 sany TG-12 Bars taslamaly serhet gorag katerleri geçýär. Döwrebap gämilere başarjaňlyk bilen erk edýän harby deňizçilerimiz ýurdumyzyň deňiz çäklerini ygtybarly goraýarlar.

Ekranda, göni ýaýlymda, deňizde gözegçilik gullugyny ýerine ýetirmek üçin niýetlenen Içeri işler ministrliginiň 6 sany Master 651 kysymly gözegçi katerleri peýda bolýar. Sagatda 70 kilometr tizlik bilen hereket edýän bu gözegçi katerler Hazar deňzinde gözegçilik gullugyny alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň gämileriniň dabaraly ýörişi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly ellerde saklanýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňra döwrebap ýerüsti harby tehnikalaryň nobaty gelip ýetýär — Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan goşunlaryň dürli görnüşleriniň mehanizmleşdirilen toparlary geçýär, ýöriş hatarynyň öňüni Combat Guard kysymly sowutlanan awtoulag çekýär.

Harby ýörişe ilkinji gezek Watanymyzyň döwlet Tugy hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen bezelen Dongfeng Mengshi kysymly awtoulaglar gatnaşýar. Türkmen edermen ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen Typhoon-K kysymly sowutlanan awtoulag olaryň baýramçylyk hataryny dowam edýär.

Guryýer goşunlarynyň iň kuwwatly, ýokary söweşjeň mümkinçilikli harby tehnikalarynyň biri hem tanklardyr. Dabaraly ýörişi birinji kerweniň hatarynda MAN kysymly agyr ýük çekiji awtoulagyň üstünde kuwwatly T-90S hem-de T-72M tanklary dowam edýärler. Olaryň yzy bilen BMP-3, BMP-2D we BMP-1M kysymly häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalary bolan pyýada goşunyň söweşjeň maşynlary geçýär.

Soňra münberiň öňünden artilleriýa goşunlarynyň 2S-1 Gwozdika hem-de 2S-3 Akasiýa kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalary geçýärler. Olar garşydaşyň dolandyryş nokatlaryny, sowutlanan tehnikalaryny we şahsy düzümini hatardan çykarmak üçin niýetlenendir.

Soňra meýdanda ZSU-23-4 Shilka, STRELA-10 hem-de KUB kysymly asmana atyjy raketa toplumlary baýramçylyk ýörişiniň hataryny bezeýär. Olar howanyň dürli şertlerinde pesden uçýan uçarlary, dikuçarlary hem-de ganatly raketalary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Mehanizmleşdirilen ikinji ýeňil awtoulaglar kerweniniň öňüni Bars kysymly harby awtoulag çekýär.

Dabaraly harby ýörişi Türkmen edermen ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen XP-1000, MV-850 we BIG BOSS-570 kysymly motoulaglar dowam edýär. Olar hem häzirki zaman motoulaglarynda pesden uçýan dikuçarlary we sowutlanan tehnikalary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Olaryň yzy bilen ykjam hem-de şol bir wagtda agyr ýükleri bilen çylşyrymly ýerlerden geçmäge ukyply taktiki maksatly ulag serişdeleri — MRZR-2, MRZR-4 kysymly harby awtoulaglar ýokary söweşjeň takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen, şeýle hem DAGOR kysymly harby awtoulaglar Watan goragçysynyň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlarymyz bilen Döwlet münberiniň öňünden geçýärler.

Türkmen edermen ýörite maksatly toparlar Land Rover hem-de NIMR Ajban kysymly ýeňil harby awtoulaglarda münberiň öňünden geçýärler. Olaryň üstünde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary dürli görnüşli mergenlik ýaraglary bilen geçýärler.

KARAKAL kysymly özi ýöreýän tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy Döwlet münberiniň öňünden geçýär.

NIMR hem-de Al Shibl 2 kysymly sowutlanan ýeňil awtoulaglardaky tanka garşy raketalar, minomýotlar hem-de pulemýotlar Türkmen edermen ýörite maksatly toparlaryň esgerlerine sazlaşykly hereket edip, öňlerinde goýlan wezipäni tiz we üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Döwletimiziň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri iň häzirki zaman harby tehnikalary bilen enjamlaşdyrylmagynyň hasabyna, düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Şu gezekki harby ýörişde Milli goşunymyzyň hatarlaryna gelip gowşan söweşjeň ulaglar görkezildi. Şolaryň hatarynda sowutlanan TITAN-DS kysymly awtoulag hem bar.

Dabaraly harby ýörişe ýörite maksatly toparlar we Land Rover lukmançylyk awtoulaglary üçin niýetlenen KIRPI kysymly sowutlanan harby awtoulaglar gatnaşýar.

Soňra münberiň öňünden göçme asmana atyjy raketa toplumlary bilen enjamlaşdyrylan BTR-80A we BTR-80M kysymly söweşjeň hem-de suwda ýüzüji tehnikalar geçýärler.

MAN kysymly awtoulagda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň radiasion, himiki we biologik goranyş toparynyň, howpsuzlandyryş toparynyň hem-de halas ediş toparynyň şahsy düzüminiň wekilleri geçýärler. MAN kysymly ýörite tehnikalaryň ýörişine gatnaşyjylaryň hatarynda Döwlet migrasiýa gullugynyň gullukçylary hem bar. Bu awtoulaglarda gurnalan hemra antennasy arkaly islendik nokatdan aragatnaşyk ýola goýlup, adamyň biometrik maglumatlary seljerilýär we olar ýörite gaznada hasaba alynýar.

Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet münberiniň öňünden uly ot açyş harby kuwwata eýe bolan hem-de islendik aralykdan nyşanalary dürs urmaga ukyply artilleriýa bölümleriniň harby tehnikalary geçýär.

Meýdanda Bars kysymly harby awtoulaglar peýda bolýar.

Olaryň yzy bilen tomaşaçylaryň öňünden KAMaz kysymly çekiji awtoulagda D-30 kysymly gaubisa toplary, şeýle hem MAN kysymly çekiji awtoulagda D-20 agyr toplar geçýär. Olaryň kömegi bilen türkmen esgerleri dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirýärler, hünär derejelerini kämilleşdirýärler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde, 152 millimetrlik MSTA-B we GIASINT-B kysymly tirkege alynýan toplar hem-de 122 millimetrlik BM 21 we BM 21A BELGRAD kysymly ot açyş reaktiw ulgamlary satyn alyndy, olar hem şu günki ýörişe gatnaşýarlar. Olaryň yzy bilen SMERÇ kysymly, uly çuňluklardaky nyşanalar boýunça ot açmaga ukyply reaktiw artilleriýa toplumy geçýär.

Dördünji mehanizirlenen toparlar ýöriş meýdanyna çykýar, olaryň düzüminde häzirki zaman uçarmansyz uçýan enjamlary bar. Soňky ýyllarda olar Milli goşunymyzyň bölümlerinde netijeli peýdalanylýar. Şeýle uçarmansyz uçýan enjamlaryň hatarynda aňtaw maglumatlaryny ýygnamak, garşydaşyň sowutlanan tehnikasyny hem-de dolandyryş ulgamlaryny hatardan çykarmak maksady bilen, ýörite maksatly toparlar tarapyndan ulanmaga niýetlenen Baýraktar, Falko, SKY STRIKER kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar dabaraly ýörişden geçýärler.

Olaryň yzy bilen IIM-ne degişli, binýadynda uçarmansyz uçuş enjamlary ýerleşdirilen ORBITER 2B, şeýle hem Autogyra CAVALON kysymly dikuçar ýerleşdirilen MAN kysymly söweşjeň tehnikalar meýdana çykýar.

Dabaraly harby ýörişiň hatary bilen Land Rover kysymly awtoulagda Rode Schwarz kysymly aragatnaşyk toplumy hem-de Dong Feng kysymly awtoulagda TS-504 kysymly sanly troposfera aragatnaşyk toplumy geçýär.

Şu günki harby ýörişe gatnaşýan radiotehniki goşunlaryň KOLÇUGA kysymly radioelektron ýagdaýa gözegçilik ediş toplumy, ÝLS-2W kysymly radiolokasiýa stansiýalary, RER kysymly radioelektron razwedka toplumy, DWL kysymly radioelektron ýagdaýa gözegçilik toplumlary ýurdumyzyň howa giňişliginiň goragyny ygtybarly üpjün edýärler.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi
TMCARFAX onlaýn hyzmaty awtoulagy satyn almazdan öň VIN kody boýunça barlamagy hödürleýär
Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny