Tesla elektrik ulaglary ýollarda köpçülikleýin durup başlady

Tesla elektrik ulaglary ýollarda köpçülikleýin durup başlady

ABŞ-nyň häkimiýetleri Tesla kompaniýasynyň öndüren elektrik ulaglarynyň garaşylman durka ýollarda köpçülikleýin durup başlandygy barada ýüzlerçe sürüjileriň nägileliklerini hasaba aldy. Bu barada Gazeta.ru habar berýär.

Soňky dokuz aýda ýurduň Ulag hereketiniň howpsuzlygy milli edarasyna şeýle arzalaryň 354-siniň gelip gowşandygy habar berilýär. Indi edara 2021-2022-nji ýyllarda çykarylan Tesla Model3 we Model Y kysymlarynyň 416 müňüsini barlamakçy.

Sürüjileriň aýtmagyna görä, näsazlyk ulagyň Autopilot ulgamyndan peýdalanylanda döreýär. Bu usul kompýutere hereket wagtynda rul dolandyrylyşynyň we saklaw ulgamynyň käbir böleklerine gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär, netijede ulag garaşylman durka togtaýar.

Sürüjileriň käbiri ýokary tizlikde barýarka, ulagyň birdenkä togtap kyn ýagdaýa salýandygyndan nägilelik bildirýärler, meselem, bir sürüji şeýle ýagdaýda yzyndan gelýän awtoulag bilen çaknyşandygyny habar beripdir.

Ýene degişli makalalar

Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Ilon Mask Hytaýa bardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Iň geçginli elektroulag