Armenian Airlines Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy

Armenian Airlines Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy

Armenian Airlines awiakompaniýasy Ýerewan Stambul Ýerewan ugry boýunça howa gatnawyny ýola goýdy diýip, Armenpress habar berýär.

Ilkinji uçuş 2-nji iýulda amala aşyryldy, petekleriň satuwy www.armenianairlines.am saýtynda eýýäm açykdyr.

Uçuşlar hepdede iki gezek, her çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

2022-nji ýylda döredilen Armenian Airlines Zwartnos Ýerewan Halkara howa menziliniň binýadynda ýerleşýär. Onuň uçuş tertibinde Russiýanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň nokatlary bardyr.

Awiakompaniýa geljekde Müsüre, Ýakyn Gündogara, Ýewropa we aziýa ýurtlaryna uçuşlary ýola goýmak mümkinçiligini meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag hem-de Telawi ýüpekçilik we çakyr önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler, Türkmenistan banky ýyllyk 11%-li täze möhletli goýum hasabyna serişdeleriň kabul edişligini açdy we beýleki habarlar
Turkish Airlines: Aşgabat Stambul Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi
Türkmenabat halkara howa menziliniň ýangyç beketleri heniz hem doly işe girizilmedi
100 uçar sargyt etdi
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar
Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara...