Arkadag hem-de Telawi ýüpekçilik we çakyr önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler, Türkmenistan banky ýyllyk 11%-li täze möhletli goýum hasabyna serişdeleriň kabul edişligini açdy we beýleki habarlar

Arkadag hem-de Telawi ýüpekçilik we çakyr önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler, Türkmenistan banky ýyllyk 11%-li täze möhletli goýum hasabyna serişdeleriň kabul edişligini açdy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Doganlyk şäherler Arkadag hem-de Telawi ýüpekçilik we çakyr önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Gruziýanyň NewsDay habarlar agentliginiň ýolbaşçysy Awtandil Otinaşwili habar berdi. Onuň pikirine görä, şäherleriň doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy iki ýurduň arasynda ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ädim bolup durýär.

2.Türkmenistan banky Arkadag şäheri halkyň buýsanjy atly täze möhletli goýum hasabyna serişdeleriň kabul edişligini açdy.Täze goýum hasabynyň esasy aýratynlygy 11%-lik ýokarlandyrylan göterim goýumyndan, depozit hasabyny nagt däl görnüşde dolmak mümkinçiliginden, şeýle hem möhletli goýumyň hereket edýän döwründe kepillendirilen girdejiden ybaratdyr.depozit hasaby 1 ýyl möhlet bilen açylýar.

Goýumyň iň az möçberi 500 manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedik.

3. Türkmen okuwçylary Albaniýa Respublikasynyň paýtagty Tirana şäherinde geçirilen matematika boýunça 27-nji Halkara Balkan ýetginjekler olimpiadasyna gatnaşdylar. Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmenistanlylar iki kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular. Halkara bäsleşik bir hepdäniň dowamynda geçirildi we dünýäniň 20 döwletinden ýaş matematikleri bir ýere jemledi.

4. Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldi Turkmenportala beren interwýusynda türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, öz diplomatik missiýasy we Aşgabadyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berdi. şu ýyl 8-nji oktýabrda Türkmenistan we Ysraýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny, şeýle hem Türkmenistanda ysraýylyň ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygyny belleýärler.

5. Dördünji iýulda ABŞ-da ýurduň esasy milli baýramy Garaşsyzlyk güni bellenildi. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Jozef Baýdena we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

6. Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň şu ýylyň 16-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Dünýäde

7. 10 12-nji awgust aralygynda Moskwada Çagalaryň halkara medeni forumy geçiriler.Bu çäre geçen ýyl Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergi meýdançasynda (WDNH) geçirildi we Russiýadan, Belarusdan, Serbiýadan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Müsürden 1,5 müňe golaý zehinli çagalary bir ýere jemledi.

Forumyň baý medeni maksatnamasy tans, aýdym-saz, kinematografiýa, media, teatr we çeper döredijilik sungatlaryna bagyşlanan çäreleri öz içine alypdy.

8. Ermeni howa ýollary ( Armýanskiýe awialinii) awiakompaniýasy Ýerewan Stambul Ýerewan ugry boýunça howa gatnawyny ýola goýdy. Uçuşlar hepdede iki gezek her çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. 2022-nji ýylda döredilen Armenian Airlines Ýerewanyň Zwartnos Halkara howa menziliniň binýadynda ýerleşýär. Onuň uçuş tertibinde Russiýanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň nokatlary bardyr.

Sport habarlary

9. Ahal topary bilen öz meýdançasynda ilkinji gezek dostluk duşuşygyny (3:0) geçiren Arkadag toparynyň oýunçylary 10 müň tomaşaça niýetlenen stadiona JAKO haryt nyşanynyň logotipi bilen çykdylar. Nemes hemaýatkäriň nyşany köýnekçäniň ýokarky sag burçunda ARKADAG ýazgysynyň aşagynda ýerleşýär. JAKO sport lybaslarynyň we enjamlarynyň önümçiligine ýöriteleşen nemes senagat kompaniýasydyr

10.Neftçi futbol boýunça Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň toparlarynyň arasyndaky çempionatyň 15-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Talant toparyndan üstün çykdy.Duşuşyk 4-nji iýulda Koçkor-Ata şäherinde geçirildi we 3:2 hasabynda tamamlandy.

Koçkor-Atanyň toparynyň düzüminde gol bilen tapawutlananlaryň biri hem türkmen legioneri Myrat Ýakşiýewdir.Bu ýeňşiniň esasynda Neftçiniň utugy 25-e ýetdi we Gyrgyzystanyň çempionatynyň sanawynda üçünji orna çykdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Türkiýede saparda boldular
China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi
Armenian Airlines Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Turkish Airlines: Aşgabat Stambul Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi