China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär

China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär

18-nji maýdan başlap Hytaýyň China Southern Airlines kompaniýasy Urumçi — Aşgabat — Urumçi ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuş hödürlär. Howa gatnaw gullugynyň Turkmenportal-a habar berşi ýaly, täze uçuş şenbe günleri Urumçi — Aşgabat we ýekşenbe günleri Aşgabat — Urumçi ugurlarynda amala aşyrylar.

Häzirki wagtda Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Urumçiden uçuşlar sişenbe güni, Aşgabatdan uçuş bolsa çarşenbe güni amala aşyrylýar.

Şeýlelik bilen, goşmaça yzygiderli gatnawlar Türkmenistandan ýolagçylara has gysga wagtda syýahat etmäge we awiakompaniýalaryň uçarlarynda Aşgabat şäherine has çalt dolanmaga mümkinçilik berer.

Aşgabat — Urumçi uçuşy üçin ekenom synpynda bir taraplaýyn howa petekleriniň bahasy 381 dollar, iki taraplaýyn petegiň bahasy 612 dollardyr. Ýolagçylar ýanlary bilen 32 kg çenli goşlary tölegsiz alyp bilerler.

Ýolagçylar China Southern Airlines Aşgabatdaky ofisinden awiakompaniýanyň Hytaýyň içindäki içerki gatnawlaryna hem petek satyn alyp bilerler. Kassa: Magtymguly şaýoly, 141/1 (Ak altyn myhmanhanasy), 206-njy ofis.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 36-44-51.

Ýene degişli makalalar

Urumçy-Aşgabat-Urumçy ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar
Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Türkiýede saparda boldular
2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi
Turkish Airlines: Aşgabat Stambul Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi