2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi

2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi

2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi. Bu barada Ahmet Demirok Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylyk hepdeliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy diýip, Turkmenportal-yň habarçysy belleýär.

Resmi maglumatlara görä, 2022-nji ýylda Türkiýä syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 45 müň 429-a deň boldy. 2023-nji ýylda bolsa bu görkeziji 167 göterim ýokarlanyp, 120 müň 928-e ýetdi.

Türk diplomaty türkmenistanlylaryň Türkiýä bolan gyzyklanmasynyň artmagy iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.

Mundan başga-da, Turkish Airlines we Türkmenistan awiakompaniýalary tarapyndan iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlarynyň köpeldilmegi syýahatçylaryň akymynyň artmagyna şert döretdi.

Türkiýe tutuş dünýäde iň esasy syýahatçylyk ugurlarynyň biri bolup, her ýyl dünýä döwletlerinden, şol sanda Türkmenistandan hem syýahatçylaryň uly bölegini kabul edýär. Iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Türkiýede saparda boldular
China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Turkish Airlines awiakompaniýasy Airbus we Boeing uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy
Hayyat Travel Aşgabatdan Tailanda syýahatçylyk saparyny hödürleýär
Dünýä syýahat: göwnejaý syýahat etmek üçin giň gerimli hyzmatlar
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär