Dünýä syýahat: göwnejaý syýahat etmek üçin giň gerimli hyzmatlar

Dünýä syýahat: göwnejaý syýahat etmek üçin giň gerimli hyzmatlar

Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalarynyň biri bolan Dünýä syýahat hojalyk jemgyýeti gyzykly syýahata çagyrýar. Kompaniýa adaty syýahatçylyk we işewürlik syýahatyny guramak işine ýöriteleşip, rahatlygy üpjün etmek hem-de ýatdan çykmajak täsirli syýahaty kepillendirmek üçin zerur bolan dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýär.

Dünýä syýahat syýahatçylyk pudagynda uly tejribä eýedir. Kompaniýanyň topary syýahatyňyzy iň oňaýly görnüşde meýilleşdirmäge giňden ýardam etjek ýokary hünärli hünärmenlerden ybaratdyr.

Dünýä syýahat HJ-niň Turkish Airlines awiakompaniýasynyň wekilhanasynyň Türkmenistandaky resmi agentiniň derejesine eýedigini bellemek gerek.

Syýahatçylyk kompaniýasy köp dürli hyzmatlary hödürleýär:

- dünýäniň islendik ýerine syýahatçylyk wizalaryny resmileşdirmek;

- müşderileriň isleglerine we maddy mümkinçiliklerine laýyk gelýän myhmanhanalary bronlamak;

- awiapetekleri satyn almak. Dünýäniň 750-den gowrak awiakompaniýasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijesinde, Dünýä syýahat müşderilerine awiapetekleri iň amatly bahalardan hödürläp bilýär;

- awtoulagy kärendesine almak: Dünýä syýahat müşderilerine syýahaty mümkin boldugyça amatly etmek maksady bilen, dünýäniň islendik ýurdunda dürli görnüşli awtoulagy kärendesine almaga mümkinçilik berýär.

- howa menzilinde garşy almak. Syýahatçylyk kompaniýasy howa menziline baran pursatyňyzdan başlap rahatlygyňyzy üpjün etmegi göz öňünde tutup, sizi howa menzilinde garşy almaklaryny gurar, şeýle-de myhmanhana ýa-da başga bir barmaly ýeriňize çenli barmagyňyzy üpjün eder.

Syýahatçylyk kompaniýasynyň wekilhanalary diňe Aşgabatda däl-de, eýsem Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde hem bar. Iş wagty: hepdede 7 gün 10:00-dan 19:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Fotoreportaž: Dünyä Syýahat: ajaýyp syýahatyňyz üçin hyzmatlaryň giň toplumy

Ýene degişli makalalar

Hayyat Travel Aşgabatdan Tailanda syýahatçylyk saparyny hödürleýär
2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi
Urumçy-Aşgabat-Urumçy ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar
Turkish Airlines Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrdy
Uçar 550 kilometr uzakdaky başga şähere gondy
Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar