Turkish Airlines Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrdy

Turkish Airlines Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrdy

Turkish Airlines türk awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlarynda uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 9 gezege çenli artdyrdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edilen täzelenen uçuş tertibinde mälim edilýär.

Indi awiakompaniýanyň uçarlary Türkmenistana we yza duşenbe, sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri bir gezek, çarşenbe we anna günleri iki gezek uçar.

Gyşky gatnaw tertibine geçilendigi sebäpli uçuşlaryň ugradýan wagty hem üýtgedildi.

Howa petekleriniň nyrhlary gidilýän gününe we beýleki faktorlara baglydyr. Turkish Airlines-iň web sahypasynda Aşgabatdan Stambula petegiň 437 dollar bahasy şu hepde Iň oňat baha hökmünde görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Aşgabat — Stambul gatnawlaryna amatly nyrhnamalary hödürleýär
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines awiapetekleri bronlamagyň dürli usullary barada habar berýär
TULM AGPJ gurnamagynda MNG Airlines Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy
Turkish Airlines: Aşgabat Stambul Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi
China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär