Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara...

2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda Challenge Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 747-400F kysymly howa gämisi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Awiakompaniýa Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonup ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu barada Türkmenhowaýollary agentligi habar berýär.

Challenge Airlines Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasydyr. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir.

Ozal habar berşimiz ýaly, 31-nji iýulda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasy Challenge Airlines-niň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenhowaýollary agentliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Wideo konferensiýada uçuşlary amala aşyrmak we Challenge Airlines bilen türkmen raýat awiasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Challenge Airlines-niň wekilleri kompaniýanyň meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar. Awiakompaniýanyň meýilnamalary Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabatdan ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy öz içine alýar.

Kompaniýanyň dünýäde 1000-den gowrak işgäri bar we howa gatnawy, ýük daşamak, goldaw hyzmatlary we tehniki hyzmat bilen meşgullanýar. Awiakompaniýanyň işleriniň ep-esli bölegi (65%) temperatura gözegçilik edilýän harytlar, awtoulag önümleri, howa giňişligine degişli önümler ýaly standart däl ýükleri daşamak bilen baglanyşyklydyr.

https://turkmenportal.com/tm/blog/65556/belgiiskii-gruzovoi-samolet-sovershil-pervuyu-posadku-v-mezhdunarodnom-aeroportu-ashhabada

Ýene degişli makalalar

100 uçar sargyt etdi
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar
Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy
Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy
China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär