Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy

Belgiýanyň “Challenge Airlines” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada özüniň ilkinji ýük gatnawyny ýerine ýetirdi. Awiakompaniýa Ninbo (Hytaý)-Aşgabat we Aşgabat-Lež (Belgiýa) ugry boýunça ýük gatnawyny ýola goýdy. Bu gatnaw Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda awiasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretmäge şert döreder. Bu barada Belgiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Golaýda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň, Belgiýanyň awiakompaniýasynyň, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň hem-de Aşgabadyň halkara howa menziliniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi. Onda howa ýük gatnawlarynyň yzygiderli üpjün edilmegi babatda pikir alşyldy.

Bu gepleşiklerde Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda raýat awiasiýasy ulgamynda degişli ylalaşyga gol çekmegiň möhümdigi bellenilip, resminamanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň ýörelgesini düzgünleşdirmäge mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy
Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara...
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar
100 uçar sargyt etdi
China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär