Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri Arsenal öz meýdançasynda Mançester Ýunaýtedi kabul etdi. Şu möwsümdäki ýeke-täk ýeňlişini Mançester Ýunaýtedden alan Arsenal bu gezek 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen oýunda Arsenal 90-njy minutda ýeňşini baýram etdi.
Londonlylara ýeňiş getiren gollary Nketia (24, 90) bilen Saka (53) geçirdi. Ýunaýteddenem Reşford (17) bilen Martines (59) tapawutlandy. Şeýlelikde, Arsenal 19 oýunda 50 utuk toplan 4-nji topar boldy.
Mançester Siti (2017/18 55 utuk), bilen Liwerpul (2019/20 55 utuk, 2018/19 51 utuk) hem-de Çelsi (2005/06 52 utuk) 19 duşuşykda 50 we 50-den köp utuk toplapdy.
Duşuşykda ilkinji bolup hasaby açan Markus Reşford Dünýä Kubogyndan soň Mançester Ýunaýtediň geçiren 9 duşuşygynyň 8-sinde tapawutlandy. Ol şol oýunlarda 9 gol geçirdi.