Arslanmyrat Amanow Sogdiananyň nobatdaky ýeňşine goşant goşdy

Arslanmyrat Amanow Sogdiananyň nobatdaky ýeňşine goşant goşdy

Özbegistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynda Sogdiana Metallurgy myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Bekabad stadionynda geçirildi.

Myhman topar 42-nji minutda Şahboz Jurabekowyň, 86-njy minutda bolsa Marko Kolakowiçiň geçiren pökgüleri bilen ýeňiş gazandy.

Sogdiananyň türkmenistanly ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow duşuşyga ätiýaçdaky oýunçylaryň hatarynda başlady. 74-nji minutda oýna giren ildeşimiz 86-njy minutdaky kelle pasy bilen Marko Kolakowiçiň tapawutlanmagyna uly goşant goşdy.

Ýedi duşuşykda 15 utuk toplan Sogdiana häzir ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda.

Ýene degişli makalalar

Mary döwlet ýolbaşçysynyň saparyna taýýarlanýar, ilata motorly çöle çykmak gadagan edilýär
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Ýer eýeleriniň ýekejesi hem ýeňiş gazanyp bilmedi
Panama kanal demir ýolunyň açylmagy