ASEAN Hytaý, Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

ASEAN Hytaý, Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň ASEAN -yň 23-nji ASEAN + 3 (Hytaý Ýaponiýa Günorta Koreýa) sammitinde üç ýurt Hytaý, Ýaponiýa we Günorta Koreýa COVID-19 ýokanç keseline garşy göreşmeklik hem-de ykdysady dikelişi gowulandyrmaklyk üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmekligi wada berdiler.

ASEAN-yň çäginde şu ýylky geçirilen çäreleri gurnamaklygy we oňa ýolbaşçylyk etmekligi Wýetnam döwleti öz üstüne aldy.

23-nji ASEAN + 3 (Hytaý Ýaponiýa Günorta Koreýa) sammitini öz Watanynda wideokonferensiýa görnüşinde ýokary derejede gurnan ýurt hem Wýetnam döwletidir.

Wýetnam döwletiniň premýer-ministri Nguýen Suan Phuk, wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen bu sammitde eden çykyşynda ASEAN + 3 hyzmatdaşlygynyň krizislere garşy göreşde 20 ýyldan gowrak tejribe toplandygyny aýtdy. Şeýle-de, Nguýen, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň COVID-19 ýokanç keseli zerarly ýüze çykan kynçylyklary ýeňip geçmeklik üçin tagallalaryny artdyrandygyny dile getirmeklik bilen, epidemiýa garşy göreşde we ykdysadyýeti janlandyrmakda bu üç ýurduň bilelikdäki kararlarynyň möhümdigini nygtady.

Onlaýn görnüşinde geçen bu sammitde Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Çže hem çykyş edip, ASEAN + 3 sammitiniň epidemiýa garşy göreşmeklikde üç ýurduň bilelikdäki raýdaşlygynyň çäginde halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm modeline öwrülendigini aýtdy. Şeýle hem, Mun, ASEAN-da COVID-19 ýokanç keseline garşy göreş gaznasynyň we sebitleýin lukmançylyk üpjünçiligi üçin ätiýaçlyk başlangyçlarynyň döredilmeginiň bu ugurda gazanylan möhüm ädimlerdigini aýtdy.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Suga Ýosihide 23-nji ASEAN + 3 (Hytaý Ýaponiýa Günorta Koreýa) sammitinde çykyş etmeklik bilen, epidemiýa mowzugynda geçirilen öňki ýörite sammitiň krizislere garşy göreşmeklik babatda bilelikde işlemeklik üçin edilýän tagallalaryň subutnamasydygyny aýtdy. Şeýle-de ol, bu işi lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmeklik üçin ylmy gözleg edaralaryna 200 milliard dollar möçberinde goşmaça tehniki goldaw berjekdigini nygtady.

Suga öz çykyşyny dowam etdirmeklik bilen, Ýaponiýanyň sebitdäki ýurtlaryň ykdysadyýeti höweslendirmeklik isleglerine laýyklykda 2,5 milliard dollarlyk karz goldawyny hem berendigini aýtdy.

Hytaýyň premýer-ministri Li Kiçiang bolsa öz çykyşynda Gündogar Aziýa ýurtlarynyň epidemiýa garşy göreş çäreleriniň we tejribeleriniň beýleki ýurtlara ylham berendigini aýtdy.

Sebit ýurtlary bilen epidemiýany ýok etmeklik we ykdysadyýeti gaýtadan dikeltmeklik üçin bilelikde işleşip biljekdigini bellän Li, bu ýagdaýyň sebitiň gülläp ösmegine, parahatçylygyna we ösüşine umyt döredjekdigine ynanýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Baýden: "Hytaý bilen sowuk söweş başlatmaga synanyşamzok" diýdi
AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY
Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary
Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary
II Halkara fotobäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Hindistanda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda häzire çenli dört medal gazandylar