Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary

Ýurduň paýtagty Hanoýdaky “Hangdaý” stadionynda oýnalan oýna koreýaly Kim Dae-ýon eminlik etdi. 6250 janköýeriň tomaşa eden oýnuna ildeşlerimiz gol bilen başladylar.Eýýäm 4-nji minutda Murat Ýakşiýew hasaby açdy. Ýer eýeleri 41-nji minutda hasaby deňledi.

Bu goly Nguýen Kuang Haý derwezä girizdi.Duşuşygyň 2-nji ýarymy has-da çekeleşikli geçdi. 61-nji minutda ýene-de Nguýen Kuang Haý tapawutlanyp, hanoýlylary öňe saýlady.Emma ildeşlerimiziň jogaby gijikmedi. 64-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňledi. Şondan soň wýetnamlylar hüjümlerini az-owlak artdyrdylar.

Duşuşygyň 88-nji minutynda eminiň bellän penaltisini dürs uran Nguýen Wan Kuýet toparyna ýeňiş getirdi. Şunlukda, “Altyn asyr” myhmançylykda “Hanoý” toparyndan 32 hasabynda asgyn geldi. 27-nji awgustda oýnaljak jogap duşuşygynda ildeşlerimize 10 hasaby bilen gazanyljak ýeňiş ýaryşy dowam etdirmek üçin ýeterlik bolar.Interzolagyň beýleki ýarym finalynda 7 gol hasaba alyndy.

Bangladeşiň “Abahani Limited Daka” topary öz meýdançasynda KHDR-iň “Aprel 25” toparyndan 43 üstün çykdy.Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Rana (33), Jibon (37) hem-de Çizoba (57, 61), myhmanlaryň pökgülerini bolsa, Çoe Žon-Hýok (35), Rim Çol-Min (54) hem-de Pak Son-Rok (77) derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary
Baýden: "Hytaý bilen sowuk söweş başlatmaga synanyşamzok" diýdi
AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY
ASEAN Hytaý, Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
II Halkara fotobäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Hindistanda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda häzire çenli dört medal gazandylar