Aşgabada sapar bilen gelen Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabada sapar bilen gelen Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

14-nji ýanwarda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. 15-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň arasynda dar we giňişleýin düzümde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky wajyp meselelerine seredip geçdiler.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýan bilelikdäki iri infrastruktura taslamalaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ministrler Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň gurluşygy boýunça bilelikde ýerine ýetirilen işlere seredip geçdiler.

Owgan wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen ilçisi Owganystanyň daşary işler ministrine Konsullyk patentini gowşurdy
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi