Aşgabadda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani bilen duşuşyk geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler. Şeýle hem, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

DIM-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy
Türkmen-ukrain syýasy geňeşmelerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
Raşid Meredow “Türkmenistan ABŞ” işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy