Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar sebit we halkara gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud diplomatik wezipesini tamamlaýar
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi