Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi.Ilçi ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki meselelerini we türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurallarynyň, şol sanda yzygiderli geňeşmeleriň we degişli iş toparlarynyň işiniň, şeýle hem halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Germaniýanyň Ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň geljekki işinde üstünlik arzuw etdi. Öz gezeginde Ilçi türkmen tarapyna özüniň işlän döwründe görkezilen goldaw we netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara