Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler konstruktiw türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalarynyň bardygyny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy
Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud diplomatik missiýasyny tamamlaýar
ABŞ resmisi Aşgabatda söz azatlygyny “ykdysady ösüşiň daýanjy” atlandyrdy
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi