Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garadylar. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar konstruktiw türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Kristin Hokins ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili wezipesine iýul aýynda bellenilip, diplomatik işini tamamlan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rudyň ornuna geldi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud diplomatik missiýasyny tamamlaýar
Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud diplomatik wezipesini tamamlaýar
ABŞ-nyň Ilçisi: ABŞ Türkmenistanyň oňyn bitaraplygyna ýokary baha berýär
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary