Aşgabadyň çagalar futbol topary Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy

Aşgabadyň çagalar futbol topary Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy

Aşgabadyň Kuwwatly beden çagalar futbol topary Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy. Bu ýaryşa Kuwwatly beden 2012-nji, 2014-nji we 2015-2016-njy ýyllarda doglan çagalar toparlary bilen wekilçilik etdi. Bu barada Janköýer habar berýär.

2012-nji ýylda doglan çagalaryň arasyndaky ýaryşda Kuwwatly bedeniň iki topary çykyş etdi. Kuwwatly beden-A A toparçada ýaryşan bolsa, Kuwwatly beden-B D toparçada güýç synanyşdy.

Kuwwatly beden-A DÝFŞ-28 toparyny 6:0, Nawbahory bolsa 7:0 hasabynda ýeňip, toparçada birinji orny eýeledi. Dustlik topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan Kuwwatly beden-B Ahmadhon toparyndan 1:2 hasabynda asgyn gelip, D toparçada ikinji orna mynasyp boldy.

Halkara ýaryşda Kuwwatly bedeniň 2014-nji ýylda doglan çagalary hem üstünlikli çykyş etdiler. A toparçada Buhara şäheriniň Bunýodkor Kids toparyny 6:2, Dustlik toparyny 7:0 hasabynda ýeňen türkmenistanly çagalar Bunýodkor bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, toparçada birinji orny eýelediler.

2015-2016-njy ýyllarda doglan çagalaryň arasynda jemi 12 toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda Kuwwatly beden C toparça wekilçilik etdi. Bu toparçada Star, Nasaf-B we Junior toparlary hem ýaryşdy.

Ýaryşda Kuwwatly bedeniň iň körpe topary Stary 1:0, Nasaf-B-ni 7:1 hasabynda ýeňip, diňe Juniordan 2:4 hasabynda ýeňlip, dört toparyň arasynda ikinji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Arkadag şäherinde JAC E-J7 elektromobiller hereket eder
Döwlet energetika institutynda daşary ýurt dillerinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahat geçirildi
Arkadag şäheri şähergurluşygyň belent nusgasy
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar
Aýdymçy Nazir Habibow Kuwwat Çarygulyýew bilen Türkmenistan barada täze aýdym döretdi