Aşgabadyň eteginde köçelerdäki itler öldürilýär

Aşgabadyň eteginde köçelerdäki itler öldürilýär

Türkmenistanda häkimiýetleriň idegsiz itleri ýok etmeginiň ýene bir tapgyry geçýär. Köçelerde itleriň tutulmagy köpçüligiň gözüniň öňünde geçýän rehimsizlige öwrülýär. Bu aralykda, haýwanlary goraýan aktiwistler dowam edýän bu zalymlyga ýurt ýolbaşçylarynyň ünsüni çekmek umydy bilen prezidente ýüz tutýarlar.

Aşgabat şäheriniň eteginde ýaşaýjylar köçelerde itleriň tutmagyna degişli käbir pursatlary surata düşürmegi başardylar. Şeýle wakalaryň biri 30-njy sentýabrda Änewde boldy.

"Ganhorlar haýwanlary awlaýan ulagynda gelmediler. Daçalar tarapda çatrykda, senagat zolagynda bolan bu ýagdaýda öldürilen itleriň arasynda güjükli iki it bardy. Itler idegsiz däldi, olar kärhanada ýaşaýardy, işçiler we meýletinçiler olary iýmitlendirýärdi" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy wakanyň şaýatlaryna salgylanyp gürrüň berýär.

Bolan bu waka seýrek bir ýagdaý däl. Sosial ulgamlarda türkmen ulanyjylary “arassalaýyş amallaryndan” öň itleri halas etmäge çagyrýan habarlary yzygiderli çap edip durýarlar. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Änewde köçelerdäki itleriň köpçülikleýin tutulmagy 7-nji oktýabrda ýene-de gaýtalanypdyr.

Köp itler köçelerde tötänleýin galýar we eýeleri tarapyndan gözlenýär. Haýwanlary goraýjylar we rehimli raýatlar, IMO-da habar ýaýradyp, ýiten itleriň eýelerine olary gözläp tapmaga kömek edýärler. Gynansagam, itleri tutýan gulluklaryň işgärleri käte öňürtýär we haýwanlary halas edip bolmaýar.

Şeýle hem, itleriň we pişikleriň ençemesi eýeleriniň ýurtdan çykyp gitmegi sebäpli köçelerde galýar.Käbirler öý haýwanlaryny alyp gitmegiň çylşyrymly talaplary we gymmatlygy sebäpli olary taşlap gidýärler.Habarçynyň sözlerine görä, haýwanlar üçin syýahat şahadatnamasynyň bahasy 500 manat, sanjymlar hem 500 manat, aeroportda weterinariýa barlagy ýene 500 manat (Merkezi bankyň kursy boýunça 143 dollar çemesi) we bilet 30 ABŞ dollary möçberde çykdajyny talap edýär.

Haýwanlary goraýjylaryň belleýşi ýaly, köçelerde tapylan itleriň arasynda alabaý tohum itleri hem bar. Emma Türkmenistanda döwlet derejesinde alabaý itleriň kultuna garamazdan, bu, köçede galan alabaý itlerini ýok edilmekden halas etmeýär.

Uly şäherleriň we kiçi ýaşaýyş nokatlaryň köçelerinde itleri we pişikleri köpçülikleýin ýok etmek çäreleri ençeme ýyl bäri dowam edýär, käte hasam güýçlenýär. Bolýan zatlar, köplenç muňa şaýat bolýan çagalara-da täsir edýär we olarda haýwanlara bolan rehimsizligi güýçlendirýär.

"Golaýda Aşgabadyň merkezinde öýsüz pişikleri iýmitlendirýän haýwanlary goraýja jaň edip, 'pişiklere öýüň daşyna çykmaň' diýmegi talap etdiler, sebäbi bu geçip barýan häkimiýetleri gaharlandyrýar. Bolmasa, kommunal gulluklaryň işgärleri olary zäherlär diýdiler", diýip, Aşgabatly haýwanlary goraýjy gürrüň berdi.

Ýurduň häkimiýetleri ençeme ýyl bäri haýwanlara garşy rehimsizlik wakalary barada resmi düşündiriş bermeýär we raýatlaryň köpçülikleýin ýüzlenmelerine köplenç jogap bermeýär.

Bu aralykda käbir üýtgeşmeler bolup geçýär. Hususan-da, Aşgabatda haýwanlary tutmak işlerini alyp baýan jemagat gulluklaryň işgärlerine täze ak reňkli awtoulaglary berlipdir, ozalky ulaglaryň reňki mämişidi.

Şeýle hem, aktiwistler Çoganlydaky zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň çäginde haýwanlaryň eltilýän nokadynda üýtgeşmeleriň bolandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly bir aktiwist, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen şeýle gürrüň berdi: “Ýeke-täk zat, [haýwanlar üçin] ölüm howply konslageriň - Çoganlydaky angaryň käbir tertip-düzgüne getirlmegidir, ýöne habarly adamlaryň aýdyşy ýaly ol ýere tutulan itleri däl-de, eýsem bildiriş boýunça alnan itleri ýerleşdirýärler, soň barlag bolanda görkezmek maksatly.

Bu angar girdejili ýer. Ýöne diňe tohum itler satylýar, ýönekeý itler açlykdan ölmegini dowam etdirýärler.Angar raýatlar üçin ýapyk bolup, gaty gizlin desga ýaly saklanýar".

Şeýle-de bolsa, aktiwistler köçelerde tutulan itleriň henizem Çoganlyda ýerleşýän galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň çägine äkidilýändigini, ýöne indi olaryň angara ýerleşdirilmän, derrew ýakylýandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bu kärhananyň we Aşgabadyň administrasiýasynyň wekillerinden teswir alyp bilmedi.

Häkimiýetler dowam edýän zalymlyk barada düşündiriş bermese-de, haýwanlary goramaga çalyşýan raýatlar we rehimli ýaşaýjylar ýurduň ýolbaşçylaryna ýüz tutmak umydyny ýitirmeýärler we prezidentiň adyna hat ýollamagyny dowam etdirýärler. Köpçülikleýin hatlarynda raýatlar haýwanlary tutýan gulluklaryň aýry-aýry işgärleriniň adyny tutmak bilen zalymlyk hadysalary barada habar berýärler, emma özlerine jogap berilmeýändigini belleýärler.

“Aşgabatly haýwan goraýjylaryň hatlarynyň prezidente ýetmändigi ähtimal, hatda onuň alnandygy hakynda habar hem bolmad, diňe hatyň 3-nji awgustda iberilendigi barada poçtadan hat berildi. Onuň mazmunyna aşa ýowuzlygy bilen tanalýan awçylaryň atlary hem goşuldy. Bu hat ugradylansoň [olaryň biri] köçelerde öldürilen itler bilen göze ildi" - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Birnäçe ýyl ozal ýurduň ýolbaşçylary haýwanlara zulum edilýändigi barada çap edilen köpsanly habarlaryň arasynda idegsiz haýwanlar üçin penahana we klinikany gurmak kararyny yglan etdiler. Şonda Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň hasabyna başpena döretmek barada beren wadasyna garamazdan, onuň bu inisiatiwasyny durmuşa geçirmek üçin raýatlardan 62 müň dollardan gowrak pul ýygnaldy. Ýokary derejede wada berlen bu penahana gurulmady, şol serişdeleriň nämä sarp edilendigini ýurduň metbugaty habar bermedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Änewde itler ýene köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar
Lebabyň körler we kerler jemgyýeti eşige we aýakgaba mätäçligiň dörändigini aýdyp, ilatdan kömek soraýar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy
Aşgabatda VPN gurup berýän ussalar tussag edilýär