Aşgabadyň ýaşaýjylary köpçülikleýin toý-tomaşa çärelerine gadaganlykdan para bilen sowa geçmäge synanyşýarlar. Emma, bu mydama başartmaýar

Aşgabadyň ýaşaýjylary köpçülikleýin toý-tomaşa çärelerine gadaganlykdan para bilen sowa geçmäge synanyşýarlar. Emma, bu mydama başartmaýar

Koronawirus çäklendirmelerine garamazdan, Aşgabadyň ýaşaýjylary mukaddes Remezan aýynyň başlanýan güni-2-nji aprele çenli maşgala toý-tomaşalaryny geçirmäge çalyşýarlar. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

30-njy martda bir maşgala Büzmeýindäki “Jennet” restoranyň golaýyndaky kafede çagasynyň doglan gününi bellemegi meýilleşdiripdir we myhmanlary çagyrypdyr.

Ýerli häkimiýetleriň köpçülikleýin toý-tomaşalary gadaganlygy bilen bagly meseläni kafeniň eýesi ”çözmeli”.Ol bu “hyzmatyna” çykdaýjylar üçin ol goşmaça pul alýar.Koronawirus çäklendirmeleri wagtynda bu praktika-para bilen toý-tomaşa geçirmegiň gadaganlygyndan sowa geçmek adaty ýagdaýa öwrüldi.

Emma, soňra belli bolmagyna görä, kafeniň eýesi ylalaşyp bilmändir we hemme zadyň gülala-güllük boljakdygyna umyt edipdir.

Günortan sagat 12 töweregi myhmanlar saçak başyna geçip, naz-nygmatlar paýlanan wagty 15-e golaý polisiýa kafe kürsäp giripdir.

Olar üsti tagamlardan we spirtsiz içgilerden doly stollary dargadyp,myhmanlaryň dargamagyny talap etdiler, kafeniň birnäçe işgärini we hyzmatçysyny polisiýa ulagyna mündürdiler.

Doglan gün edýän maşgala kafeniň golaýynda oturýardy. Olar galan naharlary, spirtsiz içgileri ýygnap, myhmanlaryny öýlerine çagyrdy. Olaryň aglabasyny goňşylary öýlerine almaga ylalaşýdylar.

Adatça, ýerli häkimlige ýa-da polisiýa para berip, şeýle wakanyň öňüni almak mümkin.Bu günler köpçülikleýin maşgala üýşmeleňlerini geçirmek üçin çadyrlar “Hitrowka”, “Parahat-7” etraplarynda we “Gaudan” massiwinde guruldy. Ol ýerlere polisiýa barmaýar.

Mundan öň “TH-niň” birnäçe gezek beren maglumatlaryna laýyklykda, jemgyýetçilik nokatlaryna we dükanlara girizilen çäklendirmelere garamazdan, birnäçe kafe, restoran we söwda nokatlary açyk bolmagynda galýar. Çaklamalara görä,olar Berdimuhamedowlaryň hossarlaryna degişli.The post Aşgabadyň ýaşaýjylary köpçülikleýin toý-tomaşa çärelerine gadaganlykdan para bilen sowa geçmäge synanyşýarlar.

Emma, bu mydama başartmaýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Diňle: Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Diňle: Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady
Diňle: Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar