“Aşgabat arzuwlaryň ak şäheri ”

“Aşgabat  arzuwlaryň ak şäheri ”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES- indäki kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde Aşgabat şäheriniň güni mynasibetli “Aşgabat arzuwlaryň ak şäheri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli işleriniň netijesinde gözel paýtagtymyzyň şan şöhrata beslenýän-digi, şol ösüşleriň milli ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýandygy, şeýle-de gözel paýtagtymyzyň taryhy barada, Aşgabat şäheriniň gününiň ýurdumyzda giňden bellenilýändigi barada gürrüň edildi.

Çäräniň dowamynda 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň paýtagtymyzyň gözelliklerini wasp edýän surat sergisi gurnaldy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Baş Kanunymyz, döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir
Ak şäherim Aşgabat atly XXV köpugurly halkara forumynda gol çekmek dabarasy geçirildi
“Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara forumynda birnäçe resminamalara gol çekildi
Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynda suw ýetmezçilik edýär
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANGÖWÜNLERE GANAT BEREN BEDEWLER
Aşgabatda biotehnologiýa ösüşiniň ykdysady ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy