Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy, Bagyr medeniýet öýi, Bagtyýarlyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Baş Kanunymyz, döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir ady bilen sergi, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyzda milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, kuwwaty, taryhy, şu güni hem-de geljegi şöhlelenýändigi barada beýan etdiler. Şeýle-de şöhratly ata-babalarymyzyň özbaşdak, erkin we abadan döwlet gurmak baradaky arzuwlary, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynda jemlenýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşleriň ak ýolundan alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
