Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary

Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary

Asly ukrain bolan russiýaly alym, belli gündogarşynas we türkolog Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiç XX asyryň başlarynda türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmekde hem-de ösdürmekde uly işleri bitirdi. Görnükli türkolog bolşewik häkimiýetleriniň tutha-tutlugynda, Stalin terrorynyň dowam edýän ýyllarynda NKWD tarapyndan “pan-turkizmde” aýyplanyp, “halk duşmany” yglan edildi we 1938-nji ýylyň 13-nji fewralynda Russiýada atylyp öldürildi.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen asyryň başlarynda birnäçe gezek Türkmenistana sapar edip, türkmenleriň arasynda ýaşan we türkmen medeniýetini hem-de edebiýatyny ýakyndan öwrenen asly ukrainaly rus alymynyň türkmen topragyndaky başdan geçirmelerini ýatlaýar.

Soňky ýyllarda post-sowet ýurtlaryň birnäçesinde köne arhiwleri açmak, ilkibaşda, XVIII asyryň ikinji ýarymynda, Rus imperiýasyna birkidirilip, soňy bilen, XX asyryň birinji çärýeginde bolşewik häkimiýetine tabyn edilen giňişlikde bolup geçen wakalary arhiwlerde saklanyp galan faktlaryň esasynda seljermek ugrunda tagallalar batlanýan ýaly bolup görünýär.

Moskwadaky “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” Ylmy-barlag uniwersitetiniň Taryh ylymlary merkeziniň ylmy işgäri, Sankt-Peterburg uniwersitetinde türkmenleriň intellektual taryhy boýunça ylmy işini gorap, ylymlaryň doktory derejesini alan Anton Ihsanow Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiçiň Sankt-Peterburg şäheriniň arhiwlerinde saklanýan materiallaryny, ýatlamalaryny we gündelik belliklerini öwrendi.

Ozal agramly bölegi jemgyýetçilik köpçüligine äşgär bolmadyk materiallar belli gündogarşynasyň türkmenleriň arasynda ýaşan döwürlerinde başdan geçiren duýgulary, şahsy pikir-garaýyşlary we oýlanmalary barada has köp maglumat berýär.

Samoýlowiç 1880-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Russiýanyň Nižny-Nowgorod şäherinde Nižny Nowgorod grammatika mekdebiniň müdiriniň maşgalasynda, gelip çykyşy boýunça etniki ukrain maşgalada dünýä inýär. Ol Sankt-Peterburg uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetinde arap, pars, tatar, türk dilleri ugry boýunça ýokary bilim alýar. Belli gündogarşynas 1907-nji ýylda Sankt-Peterburg uniwersitetinde türki diller hünär ugry boýunça talyplara sapak berip başlaýar.

Ýöne, Samoýlowiç heniz talyplyk ýyllarynda ömrüniň ahyryna çenli hormat bilen ýatlan mugallymy Melioranskiniň hemaýaty bilen 1902-nji ýylyň sentýabrynda türkmen topragyna sapar edip, birnäçe aý türkmenleriň arasynda ýaşaýar.

Ol Bakuwdan deňiz ýoly bilen häzirki Türkmenbaşy, öňki Kransnowodsk şäherine baryp düşýär. Şol pursat Buharanyň şol wagtky emiri Seýit Abd Al-Ahad han hem Türkmenbaşydan Bakuwa, ondan aňry Sankt-Peterburga barýan ekeni.

Şol döwrüň şertlerini göz öňüne getirmek maksady bilen, maglumat üçin aýdylsa, 1900-njy ýyllarda häzirki Merkezi Aziýa sebiti tutuşlygyna Rus patyşalygy tarapyndan basylyp alnypdy we kolonial häkimiýet Orta Aziýada dolandyryş merkezlerini açyp, bireýýäm ýerli halklar bilen işleşmäge girişipdi.

Samoýlowiç Krasnowodskdan demir ýoly arkaly Zakaspiý sebitiniň syýasy merkezine, Aşgabada barýar. Ýöne şol wagtky talyp, geljekki alym Aşgabatda dolandyryjy gatlak bilen ýerli ilatyň arasyndaky sazlaşyksyzlygy görüp birbada geň galýar.

Sebitiň edara ediş binasy şol wagtlar Pöwrize jülgesinde, dag gerişleriniň arasynda ýerleşýän ekeni.Samoýlowiçiň ýatlamalaryna görä, rus ofiserleri ýerli halka ynamsyz çemeleşýän ekeni, öz gezeginde, ýerli ilat hem harby ofiserleri ygtybarsyz hasaplaýan ekeni.

Dagy näme!? Ol wagtlar heniz, Rus imperiýasynyň goşunlary bilen türkmenleriň arasynda bolan gandöküşikli Gökdepe söweşiniň üstünden heniz 21 ýyl geçipdir. Top we tüpeň bilen üstüne çozulyp, gan çaýkalyp, basylyp alnan sebitiň ýaşaýjylaryndan nähili ynama garaşjak!?

Meselem, Samoýlowiç Aşgabatdaky duşuşyklarynyň birinde bir russiýaly žurnalist bilen ýerli ýaşaýjylarda häkimiýetlere bolan ynamsyzlyk barada geçiren gürrüňdeşligi dogrusynda ýazgy galdyrypdyr. Bir gezek şol žurnalist ýerli ýaşaýjylaryň biri bilen at arabasynda barýarka, ýoldaşyna ýüzlenip, ulagyň 50 ýyl möhlet bilen ruslaryň eýeçiligine geçirilendigini aýdýar. Onda ýerli ýaşaýjy: “Olar näme, şonça wagtlap bu ýerde galmakçymy?” diýip, çyny bilen geňirgenipdir.

Ýerli ilat şol wagtlar 50 ýyly köp görüpdir, ýöne aradan geçen ýyllar sebitdäki rus häkimiýetiniň garaşylandan, ýa-da umyt edilenden has uzaga çekendigini görkezdi.

Şol wagtlar, 1901-1902-nji ýyllarda Zakaspiý oblastyna asly serb bolan rus harbysy Dean Subbotiç gubernator bellenen ekeni. Samoýlowiçiň belliklerine görä, harbylar täze gubernatory onçakly oňlamandyrlar. Gubernator bar bolan durmuş-ykdysady meseleleri çözmek üçin, harbylary işçiler we ýerli ilat bilen sazlaşykly hyzmatdaşlyk etmäge çagyrypdyr. Ýöne harbylar Subbotiçi “liberal” hem-de ýaş görüpdirler.

Samoýlowiç harby ofiserleriň biriniň “Alekseý Kuropatkin bolmasa, Zakasipiý sebiti başly-baratlyk bolar” diýen sözlerini ýatlaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Kuropatkin sebitiň basylyp alynmagyna gatnaşdy we 1890-1898-nji ýyllarda Zakaspiý sebitine ýolbaşçylyk etdi.

Samoýlowiçiň ýatlamalaryna görä, Kuropatkin sebitde şahsy gatnaşyklara we ynama esaslanýan dolandyryş ulgamyny esaslandyrypdyr.

Ýöne 1908-1910-njy ýyllarda sebitde geçirilen derňewler eýýäm şol wagtlarda Zakaspiý oblastynyň edara ediş ulgamynda korrupsiýanyň we parahorlygyň kök salandygyny anyklaýar.

Heniz Sankt-Peteburg uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň üçünji ýyl talyby bolan Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiç türkmenleriň arasynda filologiýa ugrundan ylmy barlaglary geçirmek babatda häkimiýetleriň hemaýatyny tama edýär. Ýöne şol wagtky gubernator Dean Subbotiç ýaş ýigitden ýerli administrasiýalarda peýdalanmak maksady bilen türkmen diliniň sözlügini taýýarlap bermegi haýyş edýär.

Bu makaladaky maglumatlaryň agramly bölegi rus taryhçysy Anton Ihsanowyň Samoýlowiç barada ýazan ylmy işlerine esaslanýar.

Şeýlelikde, Pöwrizedäki Zakaspiý häkimiýetleri, şol sanda gubernator Subbotiç ýaş alyma ylmy işleri alyp barmakda ýardam bermäge derek, onuň berjek ýardamlaryna hantama bolýarlar.

Geljekki gündogarşynas häkimiýetleriň bu talabyna Teke dialektini öwrenmekde özüniň (Rudakowdan başga) geňeşip biljek hiç kiminiň ýokdugyny aýdyp jogap berýär. Ýöne şol pursat asly azerbaýjanly bir polkownik, Sadykbek Agabekow, ýaş alyma Bagyr obasyna göçüp barmagy maslahat berýär.

Soňra polkownik Agabekow Annarejep Mämmetnyýaz ogly atly ýerli arçyna ýüzlenip: “Bu asylly adam Sankt-Peterburgdan geldi. Ol seniň myhmanyň bolar! Myhman! Düşündiňmi?” diýýär. Ýerli arçyn polkownige doly düşünmändir. Ol Samoýlowiç paýtagtdan iberilen barlagçydyr öýdüp, oňa Bagyryň oba hojalyk ýerlerini görkezipdir, özleriniň çarwadarlyk işleri barada maglumat beripdir.

Bagyr obasyna ýerleşen Samoýlowiç wagtyň geçmegi bilen dil öwrenmäge, ylmy işleri alyp barmaga dahylly bolan maglumatlaryň ýokdugyndan şikaýat edip başlaýar.

Ol özüniň gündeliginde galdyran belliklerinde şeýle diýýär:

“Hiç kim zat bilenok, gaty gynandyrýar...Men kömekçi ýigide nakyl aýtmagy haýyş etdim, Bagyrda adamlar hiç zat bilenok...Men materialyň ýokdugy sebäpli, bu obadan göçmekçi bolýaryn” diýip, Samoýlowiç özüniň Bagyr gündeliginde ýazgy galdyrypdyr.

Ol material toplamak üçin ýerli ýaşaýjylar bilen has köp gepleşmäge, olar bilen gürrüňdeş bolmaga höwes bildiripdir, ýöne “hiç kim gepleşmek islemeýär, ýa-da aýdym aýtmak islemeýär” diýip, ýaş talyp gündeliginde ýazgy galdyrypdyr.

Soňra oba ilaty Samoýlowiçiň aladasyna göz ýetirip, bir ýerden bagşy tapyp getirýär. Şondan soň, myhman üçin ýagdaý düýpgöter üýtgeýär.

Samoýlowiç öz ýany bilen fotokamera we gramafon getiripdir. Ol 121 ýyl mundan ozal, 1902-nji ýylyň güýzünde türkmenleri surata düşüripdir, olaryň seslerini ýazgy edipdir.

Samoýlowiç Bagyrda ýaşan döwürlerinde köplenç arçyn Annarejep Mämmetnyýaz ogly, onuň kömekçisi Ýarmämmet Mämmet ogly, Kerwen bagşy we Mämmet işan ýaly ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolupdyr. Galyberse-de, ýaş alym Bagyrda ýaşan döwründe beýleki käbir oba ýaşaýjylary, kolonial işçiler, weterinarlar, aýallar we çagalar bilen hem gürrüňdeş bolupdyr.

Samoýlowiç öz galdyran belliklerinde şol döwür obada bar bolan käbir meselelere, meselem, obada çekirtgeleriň köpdügine, mallaryň arasyndaky keselçilige hem-de adamlaryň arasynda giň ýaýran sowatsyzlyga ünsi çekýär.

Bir gezek myhman keselleýär, onsoň ýerli tebipden bejergi alýar.Samoýlowiç ýerli ilat bilen geçirýän söhbetdeşliklerinde esasan özüniň alyp barýan ylmy işlerine dahylly temalar barada gürrüň etmäge synanyşypdyr. Ýöne wagtal-wagtal dünýädäki geosyýasy ýagdaýlar barada hem gürrüň gozgapdyr.

Bir gezek, ol ýerli mollalaryň biri bilen sebitdäki geosyýasy ýagdaýlar barada pikir alyşýar.Ol öz belliklerinde mollanyň bilýän zatlarynyň haja giden adamlaryň getiren maglumatlaryna esaslanýandygyny, ilat arasynda bar bolan maglumatlaryň könelişendigini aýdýar.

Samoýlowiç türkmen topragyna amala aşyran ylmy ekspedisiýalarynda aýratyn-da Gökdepe söweşi barada halkyň hakydasynda galan ýatlamalar bilen gyzyklanypdyr. Gündogarşynas özüniň doglan güni Gökdepe galasynyň synan gününe gabat bolansoň, bu wakany özüne has ýakyn saýypdyr.

Ol Gökdepe obasyna eden saparynyň dowamynda Ýazlyk molla we Gökdepe söweşine gatnaşan Gul batyr atly gahryman bilen geçiren söhbetdeşliklerini ýatlaýar.

“Samoýlowiç 1881-nji ýylda bolan söweş barada ähli zatlary bilmek isläpdir, ýöne Gul batyr köne-sanany ýatlap oturmagyň hajatynyň ýokdugyny aýdyp, onuň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwrüpdir” diýip, Ihsanow özüniň ylmy işinde ýazýar.

Bu saparyň dowamynda ýaş alym türkmenleriň arasynda göz keseliniň giň ýaýrandygyny aýdýar.

Samoýlowiç türkmen topragyna amala aşyran ilkinji ekspedisiýasynyň soňky günlerini Merwde geçirýär we ýerli keselhanalaryň birinde dilmaç bolup işläp başlaýar.

Ol 1906-njy ýylda ikinji gezek türkmenleriň arasyna gelýär we bu döwürde hem dilmaçlyk işini dowam etdirýär. Samoýlowiçiň galdyran foto arhiwlerinde Ýolötende düşürilen bir hassahananyň suraty saklanyp galypdyr.

Ol Maryda ýaşan döwründe Annamyrat mugallym, Baýmuhammet molla ýaly ýerli ýaşaýjylar bilen geçiren söhbetdeşlikleri barada ýazgy galdyrypdyr.

Baýmuhammet molla Samoýlowiçe Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň golýazmasyny beripdir. Häzirki wagtda bu golýazma Sankt-Peterburgdaky Gündogar golýazmalar institutynda saklanýar.

Samoýlowiçiň ikinji ylmy ýolbaşçysy, görnükli gündogarşynas Wailiý Bartold ýaş alyma özüniň ikinji ekspedisiýasynda türkmenleriň şygyr sungatyny öwrenmek üçin Merwde ýaşamagy maslahat berýär. Ol özüniň ikinji ylmy-barlag sapary bilen Türkmenistana 1906-njy ýylyň iýul aýynda Daşkendiň üsti bilen gelýär.

Ýaş alym özüniň ikinji ekspedisiýasynda Merwiň gabatlaryndaky obalaryň birine ýerleşmekçi bolýar. Ýöne Abdylla işan atly bir ýerli kethudanyň garşylygy bilen gündogarşynasyň bu niýeti amala aşmaýar. Soňra, Samoýlowiç şol wagtlar Togtamyş etraby atlandyrylan sebitiň ýolbaşçysyna ýüz tutup, özüniň türkmen şygyr sungaty bilen gyzyklanýandygyny gürrüň berýär. Togtamyş etrabynyň ýolbaşçysy ýaş alymy Agyrbaş obasyna ýerleşdirýär.

Samoýlowiç bu obada Sabyr molla, Suwhanberdi (Körmolla), Öwezberdi, Aman bagşy, Rahmannyýaz arçyn ýaly ýerli ýaşaýjylar bilen birnäçe gezek söhbetdeş bolýar.

Ýerli ýaşaýjylar yslam dini, rus kolonializmi ýaly temalarda ýaş alyma öz pikir-garaýyşlaryny beýan edýärler. Şeýle gürrüňdeşliklerden soň, Samoýlowiçde kolonial resmiler barada negatiw pikirler peýda bolup başlaýar.

Alym Türkmenistana amala aşyran ikinji ekspedisiýasynyň yz ýany, Sankt-Peterburga dolanyp barandan soňra, şol wagtlar Russiýada dowam edýän dartgynly syýasy atmosferanyň hem täsiri bilen, kolonial sistema baradaky pikir garaýyşlaryny 1907-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda öz gündeliginde şeýle jemleýär:

“Eger-de biz, aziýaly’ adalgasyna ykrar edilen negatiw manysynda çemeleşsek, ruslar hakyky aziýalylar, türkmenler bolsa sözüň doly pozitiw manysynda ýewropalylardyr. Şeýle diýip, ähli aziýalylar’ barada aýdylmalydyr, sebäbi olar hakykatdan-da şeýle, olar göz öňüne getirlişi ýaly däl” diýip, asly ukrainaly rus gündogarşynasy, belli türkolog Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiç özüniň gündeliginde ýazgy galdyrypdyr.

Ol 1902-nji, 1906-njy, 1907-nji we 1908-nji ýyllarda aýry-aýry ekspedisiýalar bilen jemi dört gezek Türkmenistanda bolýar. Ýaş alym Çelekende, Bagyrda, Gökdepede, Merwde, Ýolötende bolýar, başga-da birnäçe obalara sapar edýär.

1906-1920-nji ýyllar aralygynda ýaş alym Horezmde, Türküstanda, şol sanda türkmen territoriýasynda, Krymda, Stawropol sebitinde, Osman imperiýasynda ylmy-barlaglary geçirýär, ýerli halklaryň jemgyýetçilik ylymlaryna we edebiýatyna goşant goşýar.

Ol Türkmenistanda görnükli ýazyjy-şahyrlaryň ýetişmegine ýardam berýär.

Samoýlowiç, geljegine umyt bildirilýän türkmen talyplarynyň Russiýanyň ýokary okuw jaýlaryna seçilip alynmagyna ýardam beripdir, olar barada degişli institutlara hödürnamalary ýollapdyr.

Onuň 1926-njy ýazan gündelikleriniň birinde “Peýdaly türkmen işgärleriniň: sanawy getirilýär:

Aşgabat: Gulmuhammedow; Gafurow (redaksiýada); Şemsetdin Kerimi (partiýa mekdebinde okaýar, dil bilen gyzyklanýar); 4. Kerbabaýew, Tokmak žurnalynda

Merw: Muhammetmyrat (Uspenskiniň işgäri); Aýyt Orazow teke

Kaka: mugallym Nury Işanow

Bu maglumatlar Anton Ihsanowyň “A. N Samoýlowiçiň Sankt-Peterburgyň arhiwlerindäki materiallarynyň türkmeniň taryhynyň we etnografiýasyny öwrenmekdäki ähmiýeti” atly ylmy makalasyndan alyndy.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Samoýlowiçi şeýle ýatlady:

“Döwletmämmet Azadynyň Wagzy-Azat’ eserini ylmy taýdan ilkinji öwrenen adam Samoýlowiç.Wagzy-Azat eserini çapa taýýarlan hem Samoýlowiç.Onuň bitiren beýleki bir uly hyzmaty Abdysetdar kazynyň Jeňnama’ poemasy.

Abdysetdar kazy Jeňnama’ eserini Garrygalada Eýran şasynyň ýeňlişi hem-de türkmenleriň Eýran şalygyna garşy alyp baran göreşi barada maglumat berýär.Abdysetdar kazynyň Jeňnama’ poemasyny öwrenen, şony çapa taýýarlan, oňa kommentariýa ýazan ilkinji alym Samoýlowiç boldy.

Samoýlowiçiň şu iki uly hyzmaty türkmen edebiýatynda aýratyn belli.Ondan daşary-da ol Türkmen edebiýatynyň taryhyndan oçerkler’ atly kitap taýýarlady. Şol eseri bilen hem ol, türkmen edebiýatyny dünýä alymlaryna, ýagny Türkologiýany öwrenijilere, türk dünýäsini öwrenijilere ýol görkeziji gollanma hökmünde orta atyp bildi.

Samoýlowiçiň şeýle uly hyzmaty bar” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Alymyň “Türkmen aşyk oýunlarynyň görnüşleri”, “Türkmenistana syýahat edeniň gündeliginden ownuk-uşak etnografik bellikler”, “Gowşut han hakynda rowaýat”, “Türkmenleriň Gökdepe wakalaryny ýatlaýşy” ýaly çap edilmedik eserleri Sankt-Peterburgyň arhiwlerinde saklanýan ekeni.

Belli gündogarşynas NKWD tarapyndan “pan-turkizmde” aýyplanyp, tussag edilýär we 1938-nji ýylyň 13-nji fewralynda ýowuz gyş güni Staliniň tutda-baslygynda atylyp öldürilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtyň Magtymguly köçesinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar
Ýaşlar ligasynda 10-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Ýaşlar ligasy ― 2022: 8-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy