Aşgabat - bagtyýarlygyň şäheri

Aşgabat - bagtyýarlygyň şäheri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Aşgabat - bagtyýarlygyň şäheri ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlere beslenýändigini, gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy bolan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň wysal bolýan ýeri merjen paýtagtymyz bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Mundan başga-da hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz özüniň milli binagärlik däpleri, ak mermerli binalary, ekologik arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne bendi edýändigini we göwnüňi galkyndyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda gözel paýtagtymyzy beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, sungat halklary baýlaşdyrýar
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
“Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara sergisi we maslahaty üstünlikli tamamlandy we halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem durnukly şäher ösüşini has-da ilerletdi
Tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty başlandy, Aşgabat seýilgähinde Puşkiniň doglan güni bellenildi, türkmen lukmanlary Owganystandaky ynsanperwer missiýanyň çäklerinde 700-den gowrak adama kömek berdiler we beýleki habarlar
TFF-niň kubogy: 1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerleri we başlanjak wagtlary belli boldy
TFF-niň kubogy ― 2023: Merw bilen Şagadam ikinji ýeňşini gazanmak üçin meýdana çykýarlar