Aşgabat gipermarketinde söwda edip başlamagyň esasy 5 sebäbi

Aşgabat gipermarketinde söwda edip başlamagyň esasy 5 sebäbi

Aşgabat gipermarketinde näme üçin hut şu ýerde söwda edip başlamalydygynyň esasy 5 sebäbini aýtdylar. Aşgabat myhmanlara köp sanly artykmaçlyklary hödürleýär:

1. Harytlaryň köpdürli görnüşleri. Gipermarketde azyk önümleri, hojalyk harytlary, egin-eşik, aýakgap, öý we bag üçin harytlar, oýunjaklar ähli zerur zatlar bir ýerde hödürlenýär. Bu bolsa wagty tygşytlamagy kepillendirilýär! Eger görnüşleri saýlamakda özüňizi çäklendirmek islemeýän bolsaňyz, onda hoş geldiňiz! diýip, Aşgabadyň wekili belledi.

2. Söwda etmek üçin amatly şertler. Söwda arabasy bilen hereket etmek üçin giň söwda zallary. Şeýle hem Aşgabat gipermarketiniň golaýynda awtoulag duralgasy bar. Mundan başga-da, gipermarketiň çäginde aýratyn karaoke zaly we eýwany bolan Aşgabat restorany ýerleşýär. Restoranyň menýusynda türk, Ýewropa we ýapon aşhanalarynyň tagamlary hödürlenýär.

Bularyň hemmesi söwda prosesini has amatly edýär.

3. Transfer ýa-da taksi mugt. 350 manatdan başlanýan möçberde harytlar satyn alnanda, müşderilere Öýe çenli taksi mugt hyzmat hödürlenýär.

Şeýle hem 500 manatdan ýokary möçberde söwda etmegi meýilleşdirýän müşderiler özboluşly teklipden öýden gipermarkete we yzyna alyp gitmek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Transfer hyzmatyny sargyt etmek üçin (+993 65) 81 22 92 belgä jaň etmeli.

4. Ýerli önümçilige degişli tebigy süýt önümleri. Aşgabatda Paýtagt, Ýagly we Mazarella haryt nyşanlarynyň täze taýýarlanan peýnirlerini, doraglaryny, gaýmaklaryny hem-de mesge ýaglaryny satyn almak mümkindir.

5. Amatly teklipler. Aşgabat gipermarketinde pul tygşytlamaga we iň ýokary girdeji bilen söwda etmäge ýardam berýän aksiýalar hem-de arzanladyşlar yzygiderli geçirilýär.

Ýatlatsak, gipermarketde onlaýn söwda etmek hem mümkindir. Munuň üçin Google Play-den we AppStore-dan ykjam programmany ýükläp almaly. Onuň kömegi bilen diňe bir dürli harytlary satyn almak bilen çäklenmän, Aşgabat restoranyndan taýýar naharlary hem sargyt edip bilersiňiz.

Gipermarket Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we paýtagtyň myhmanlaryna Aşgabat söwda-dynç alyş merkeziniň B blogynyň birinji gatynda garaşýar. Iş wagty 8:00-dan 23:00-a çenli.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Wepa Jumaýew Witebskdäki ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Resul Çaryýew Merkezi Aziýanyň iň gymmat derwezeçileriniň altylygyna girdi
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
9-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal