Aşgabat gözelligiň mekany

11-12-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda Dizaýn 2022 atly Aşgabat forumy we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergi geçirildi. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini Dizaýn ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirildi.

Sergi zalynda Türkmenistanyň ylmy we bilimi ösdürmek, medeniýet hem-de milli mirasy aýawly saklamak ulgamynda ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklaryny beýan edýän ekspozisiýalar ýerleşdirildi. Ägirt uly monitorlar, yşykly bannerler ornaşdyrylan diwarlyklarda häzirki zaman türkmen megapolisiniň durmuşynyň giň ugurlary görkezildi.Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.Ýaýbaňlandyrylan işleriň giň gerimliligini beýan etmek üçin sergide edara binalarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly nusgalarydyr çyzgylary ýerleşdirildi.

Bu ýerde görkezilýän innowasion taslamalaryň aglabasy şäher giňişliginiň mundan beýläk-de maksatlaýyn, düzümleýin we estetik ösüşini syn etmäge mümkinçilik berýär. Şäher giňişliginde binagärleriň, taslamalary işläp taýýarlaýjylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň täsin pikirleri jemlenýär.Ýurdumyzyň telekeçileri hem-de hususy haryt öndürijileri şäher gurluşygynda we halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda poligrafiýadan başlap, dokma we mebel önümçiligine çenli eýeleýän orunlaryny has-da berkidýärler.

Olar senagat, binagärlik, kompýuter dizaýny ugurlary boýunça öz mümkinçiliklerini giňeldýärler.

Şu sergide Çigildem, Aýbölek, Ýaşyl ýyldyrym, Meşhur interiors, Erjel Begenç ýaly hususy kärhanalar we beýlekiler öz önümleridir hyzmatlaryny hödürlediler.Şeýle hem Dizaýn 2022 forumy geçirildi.Oňa ýaş we tejribeli binagärler, şäher gurşawynyň dizaýn ulgamynda işleýän hünärmenler, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşyga daşary ýurtlardan gatnaşýanlaryň hatarynda Türkiýeden, ABŞ-dan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan wekiller bar. Şäherleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek işinde hem-de olaryň maýa goýumlar babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda binagärligi we dizaýny netijeli ulanmak üçin şertleri döretmek şu forumyň esasy maksatlarynyň biridir.Aşgabadyň ösdürilmegi, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzüminiň kämilleşdirilmegi durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyzyň häzirki keşbinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Çykyş edenler ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmäge ygrarlydygyny nygtadylar.Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherini Dizaýn ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek baradaky maglumat diňlenildi, şeýle-de bu ugurda gazanylan netijeler we geljekde ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu tor gatnaşyjy şäherleriň aň-paýhas babatdaky gatnaşyklarynyň möhüm guraly bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döredijilik we innowasion kuwwaty goldamaga umumy çemeleşmäni şöhlelendirýär, medeniýet we sungat ulgamynda tejribe alyşmaga, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy
Türkmenistanda “Dizaýn-2022” forumy we “Araçäksiz dizaýn” halkara sergisi açyldy
Dizaýn — 2022 atly Aşgabat forumy we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergi
6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Erikgalaly we türkmenabatly hünärmenler Aşgabatdaky kiçi ýarmarkada öz işlerini görkezerler
Alpha Home taslamanyň deslapky 3D wizuallaşdyrmasy bilen otagyň dizaýny boýunça hyzmatlaryny hödürleýär