Aşgabat Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirdi

Aşgabat Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirdi

Aşgabat şäherinde sişenbe güni “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahatyň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri çykyş etdiler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine gabatlanylyp geçirilýän foruma 32 ýurtdan 220-den gowrak wekil, nebitgaz kompaniýalarynyň 80-siniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe edaralarynyň, diplomatik we ylmy toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň barşynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan energetika diplomatiýasyna aýratyn üns berildi.

“Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: transmilli turbageçirijiler—durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygyň esasy ugurlary” atly mejlisiň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ruiz Alonso, “CNPC” kompaniýasynyň baş direktory Li Şulýan, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ýörite wekili Natalýa German we beýlekiler çykyş etdiler. Oksfordyň energetika barlaglary institutynyň (OIES) ylmy işgäri Juliýan Bouden birinji mejlisiň jemini jemledi.

Maslahatyň ikinji, ýagny jemleýji mejlisi ösüşiň we durnuklylygyň hereketlendiriji güýji hökmünde maliýe edaralarynyň ornuna bagyşlandy. Bu mejlisde “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi, Aziýanyň ösüş bankynyň hem-de Credit Suisse bankynyň wekilleri çykyş etdiler.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Gepleşigiň barşynda nebitgaz pudagynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

01.12.2020 | Türkmenistanda Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanda Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Energetika ulgamyna bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahat
8-nji mart agşamy görmek üçin iň gowy filmler maslahat berildi
Dünýäniň iň owadan zenany saýlandy