Meksikaly inžener zenan “Älem gözeli” saýlandy

Geçen ýyl pandemiýa sebäpli geçirilmedik “Älem gözeli” (Miss Universe) owadanlyk bäsleşiginde bu ýyl meksikaly inžener zenan ýeňiji boldy.ABŞ-nyň Florida ştatynda geçirilen bäsleşikde Älem gözeli diýlip, meksikaly Andrea Meza saýlandy.

Kompýuter tehnologiýasy inženerligi hünäri boýunça bilim alan 26 ýaşyndaky Meza 2019-njy ýylda öz ýurdunyň gözeli saýlanypdy.Ol täjini 2019-njy ýylyň ýeňijisi, Günorta afrikaly Zozibini Tunziniň elinden aldy.

Andrea Meza Älem gözeli bäsleşiginde ýeňiş gazanan 3-nji meksikaly zenandyr.

Bäsleşikde braziliýaly Julia Gama 2-nji, peruly Ýanik Maçeta Del Kastilýo 3-nji ýeri eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Raşid Meredow BMG-niň Ilat gaznasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy
Syýahatçylyk pudagy täze iş ýerlerini döreder
Emmi baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Nikaraguany basan Juliýa harasaty Merkezi Amerika howp salýar
BMG-niň Halkara kazyýetiniň täze başlygy saýlandy
8-nji mart agşamy görmek üçin iň gowy filmler maslahat berildi
London gazna biržasynda geçirilen duşuşyk barada