Nikaraguanyň kenarýakalaryna Juliýa harasaty geldi diýip, RIA Nowosti habar berdi. Habarda harasadyň tizliginiň sekuntda 38 metre ýetýändigi aýdylýar.
Meteoroglar harasatyň özi bilen çabgalary alyp gelýändigini aýdýarlar, olar öz gezeginde Merkezi Amerikada hem-de Meksikanyň günortasynda suw süýşgünlerini döredip biler. Bu barada MIR24 ýazýar.
