Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady

Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady

Las-Wegasdaky (Newada, ABŞ) "Ti-Mobaýl Arenada" UFC 269 ýaryşy tamamlandy. Agşamyň esasy söweşinde UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra amerikaly Dastin Porýeni ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady.

Oliweýra ýeňil agram derejesinde iň gowy söweşijileriň başyny çekýän Porýeni demikdiriji emel bilen ýeňmegi başardy.Bu söweşden öň hem Çarlz Oliweýra yzly-yzyna dokuz söweşde ýeňiş gazanyp gelýärdi.

Mundan başga-da, söweş agşamynyň görnükli duşuşyklarynyň birinde braziliýaly Amanda Nunýez amerikaly Julianne Penýadan ýeňildi. 32 ýaşly Penýa ikinji raundda demikdiriji emel ulandy we öz agramynda UFC-niň täze çempiony boldy. 33 ýaşly Nunýez UFC-de 2015-nji ýyldan bäri ýeňilmändi.

Ýene degişli makalalar

Nunýes Penýany ýeňip, UFC-niň çempionlyk guşagyny gaýtaryp aldy
Sirk sungatyny söýüjiler üçin täze çykyş
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
DÇ-2022: penaltiden ilkinji gol, ýer eýesinden ilkinji ýeňliş
Wan Deýkli Niderlandlarmy ýa-da  Messili Argentinamy?!
Katarda samba tamamlandy, tango dowam edýär, Neýmaryň we ýoldaşlarynyň gözýaşlary