Katarda samba tamamlandy, tango dowam edýär, Neýmaryň we ýoldaşlarynyň gözýaşlary

Katar 2022-de çärýek finalyň ilkinji 2 duşuşygy oýnalyp, köpleriň isleýişi ýaly netije çykmady. Ýagny ýarym finalda Argentina Braziliýa duşuşygyna garaşýardy.Toparlaryň biri, çempionlygyň iň esasy dalaşgäri Braziliýa ýarym finala çykyp bilmedi.

Argentina kynlyk bilenem bolsa, adyny iň gowy 4-lige ýazdyrmagy başardy.Başgaça aýdylanda, Katarda samba tamamlandy, tango bolsa häzirlikçe dowam edýär.Ilkinji 2 ýarym finalçy-da penaltileriň netijesinde belli boldy.

Günüň ilkinji oýnunda Horwatiýa bilen Braziliýa duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda esasy wagtda hasap açylmady.Goşmaça wagtyň ilkinji 15 minutynyň ahyrynda (105+1) Neýmar owadan paslaşyklardan soň topy ajaýyp urgy bilen derwezä girizdi.

Horwatlar hem bu bolsa goşmaça wagt tamamlanyp barýarka jogap berdi. Ýagny 117-nji minutda oýna soň giren Orşiçiň pasy bilen ýene-de oýna soň giren Petkowiç topy batly urup, derwezä girizdi we hasaby deňledi.

Netijede, duşuşyk 1-1 deňlikde tamamlandy we penaltiler ýeňijini kesgitlemeli edildi.

Penaltilerde hem Horwatiýa 4-2 öňe saýlanyp, bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek ýarym finala çykdy. Şol bir wagtyň özünde-de penaltileriň netijesinde hem bolsa Horwatiýa Braziliýany ýeňmegi başardy.

Horwatlaryň düzüminde penalti urgulary Wlaşiç, Maýer, Modriç hem-de Orşiç geçirdi.Brazillerden Kazemiro bilen Pedronyň urgulary takyk boldy.Rodrigonyň urgusyny derwezeçi Liwakowiç saklan bolsa, Markiniosyň urgusy sütüne degdi.

Netijede, Braziliýanyň ýygyndysy soňky 5 çempionatda 4-nji gezek çärýek finaldan yzyna gaýtdy.Duşuşykda Braziliýa 11, Horwatiýa 1 takyk urgy geçirdi.

Çärýek finalyň 2-nji duşuşygy Niderlandlar bilen Argentina duşuşyp, oýun diýseň dartgynly geçdi.Oýnuň 35-nji minutynda Lionel Messiniň pasyndan soň Nahuel Molina argentinleri öňe saýlady. 2-nji ýarymda, 73-nji minutda penaltini dürs uran Lionel Messi hasaby 2-0-a çykardy.

Bu goldan soň oýun taktikasyny üýtgeden Niderlandlaryň tälimçisi Luis Wan Gaal hüjümçi Wut Wegorsty duşuşyga girizdi.Ol hem tälimçisiniň ynamyny aňyrýany bilen ödäp, 83-nji minutda hasaby 2-1-e ýetirdi.

Ol 90+11-nji minutda mekirlik bilen ýerine ýetirilen jerime urgusynda-da topy derwezä girizip, hasaby deňledi.Bu goldan soň goşmaça 30 minut oýnalmaly boldy. Ýöne bu 30 minutda hasap üýtgemedi.

Netijede, ýene-de penaltilere ýüz tutuldy.Wan Deýk we Berguisiň urgularyny derwezeçi Martines sowmagy başardy.Munuň tersine Messi we Paradesiň urgulary takyk boldy. 3-nji urgularda iderlandlaryň takyk bolup (Koopmaýners), argentinleriň urgusy (Fernandes) nädürs boldy we ýewropalylar az-owlak umytlandy. Ýöne ondan soň iki topar hem ýalňyşmady.

Netijede, 4-3 üstün çykan Argentina 6-njy gezek ýarym finala çykdy.Argentinanyň ýygyndysy 6-njy gezekki synanyşygynda 5-nji sapar penaltilerde ýeňiş gazandy.Bu görkeziji rekorda deňdir.

Ýarym finalda Argentina Horwatiýa bilen duşuşar. Duşuşykda 13-nji dekabrda sişenbe güni oýnalar (00:00).

Ýene degişli makalalar

33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady
Osimheniň het-trigi
“Arsenal” utuk ýitirmegini dowam edýär
2025-nji ýylyň esasy wakalary
Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)