Wan Deýkli Niderlandlarmy ýa-da  Messili Argentinamy?!

Günüň 2-nji çärýek final duşuşygynda-da Dünýä Kubogynyň nusgawy duşuşyklaryna öwrülen iki ýygyndynyň arasyndaky nobatdaky duşuşyk bolar.Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanjak bu duşuşykda Niderlandlar bilen Argentinanyň ýygyndylary duşuşar.

Duşuşyk Lusail şäherindäki “Lusail Iconic” stadionynda oýnalar.Oýna ispaniýaly Antonio Mateu Laos eminlik eder.Bu duşuşyk 2 ýygyndynyň arasyndaky 10-njy duşuşyk bolar.Mundan öňki oýunlarda Niderlandlar 4, Argentina 1 gezek ýeňiş gazanyp, 4 oýun deňlikde tamamlandy.

Mundan öň Dünýä Kubogynda 5 gezek duşuşdylar

Iki topar şu wagta çenli Dünýä Kubogynyň çäginde 5 gezek gabatlaşdylar. Şolaryň ilkinjisinde, 1974-nji ýylda Niderlandlar Ýohan Kroffuň 2 gol geçiren oýnunda 4-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. 4 ýyldan soň 1978-nji ýylda finalda duşuşan iki toparyň bu gezekk oýnunda Argentina goşmaça wagtda 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek çempion bolupdy.

Toparlar 3-nji gezek Fransiýa 1998-de duşuşdylar. Bu gezekki ýaly çärýek finalda gabatlaşan 2 ýygyndynyň şol duşuşygy dartgynly geçip, Niderlandlar Numan, Argentinadan Ortega gyzyl kart alypdy. Netijede, Niderlandlar Bergkampyň 90-njy minutdaky goly bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Toparlar 2006-njy ýylda Germaniýadaky çempionatda bir toparça düşüpdiler. Duşuşyk çekeleşikli geçse-de hasap açylmandy.

Olaryň 5-nji duşuşygy 2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen çempionatda bolup, ýarym finalda duşuşan 2 ýygyndynyň şol oýnunda esasy we goşmaça wagtda hasap açylmandy. Penaltileriň netijesinde, Argentina 4-2 öňe saýlanyp, adyny finala ýazdyrypdy.

Şu gijeki duşuşykda toparlaryň esasy düzümleri bilen meýdança çykmagyna garaşylýar. Argentinada toparyň esasy ýarymgoragçysy De Paulyň azda-kände şikesi bolup, onuň oýnap-oýnamajakdygy duşuşygyň öňüsyrasynda belli bolar. Umumylykda, Argentina Lionel Messä, Niderlandlar bolsa Wan Deýke uly ynam bildirýär.

Ýene degişli makalalar

Aziýa kubogynyň açylyş duşuşygynda Katar Liwany uly hasap bilen ýeňdi
Messi we ýoldaşlarynyň ýeňiş gazanmakdan başga alajy ýok 7-nji günüň duşuşyklary
Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
Katar 2022-niň ilkinji iň uly sýurprizi
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary
64 oýunlyk tomaşa başlaýar haýsy ýygyndy çempion bolar?