Julian Assanž ABŞ-na Yzyna Beriler

Julian Assanž ABŞ-na Yzyna Beriler

Britaniýanyň Içeri işler ministri Priti Patel, Julian Assanžyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmek üçin ABŞ-na berilmegi hakyndaky karasy tassyklady.

Ministrlikden berilen beýannamada; “17-nji iýunda hem Orta derejeli kazuýet hem-de Ýokary kazyýet tarapyndan seredilen işden soň Assanžyň ABŞ-na gaýtaryp berilmegi hakynda karara gelindi” diýilýär.

Assanžyň karara nägilelik bildirmegi üçin 14 günlük möhleti bar.

WikiLiksden berilen beýannamada Assanžyň şol hukugyndan peýdalanmak isleýändigi habar berildi.

ABŞ, Julian Assanžy 2010-2011-nji ýyllarda müňlerçe gizlin resminamanyň neşir edilmegi sebäpli 18 etmişden jenaýat işine çekmek isleýär.

Resmi Waşington esasanda Amerikan goşunlarynyň Yrakda we Owganystanda “harby jenaýat” bolmagy ähtimal işleri bilen bagy müňlerçe gizlin resminamany neşir etmekde günäkärlenýän Assanža, içalylyk sebäpli jenaýat işini gozgamak isleýär.

Ýene degişli makalalar

Syýahatçylyk pudagy täze iş ýerlerini döreder
Emmi baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Nikaraguany basan Juliýa harasaty Merkezi Amerika howp salýar
BMG-niň Halkara kazyýetiniň täze başlygy saýlandy
8-nji mart agşamy görmek üçin iň gowy filmler maslahat berildi
London gazna biržasynda geçirilen duşuşyk barada