BMG-niň Halkara kazyýetiniň täze başlygy saýlandy

BMG-niň Halkara kazyýetiniň täze başlygy saýlandy

Liwanly kazy Nawaf Salam Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara kazyýetiniň başlygy wezipesine üçýyllyk möhlet bilen saýlandy. Bu barada daşary ýurt habar beriş serişdelerine salgylanýan Report.az ýazýar.

Salam bu wezipede amerikaly kazy zenan Joan Donohýuny çalyşdy. Halkara kazyýetiň başlygynyň orunbasarlygyna Ugandadan kazy Juliýa Sebutinde saýlandy. Halkara kazyýetde işlemezden öň Salam 2007-2017-nji ýyllar aralygynda Liwanyň BMG-däki hemişelik wekili boldy. Ol 2012-2013-nji ýyllarda guramanyň Baş

Assambleýasynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi, 2013-nji ýylyň iýulynda Baş Assambleýanyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji boldy.

Juliýa Sebutinde Halkara kazyýetde 2012-nji ýyldan bäri işleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň edaralarynda işgärlerden ähli ýerde maska ​​dakynmak barada dilhat alynýar
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)
Meksikaly inžener zenan “Älem gözeli” saýlandy
Happy Childhood
Apple II-niň gözükdirijisi rekord baha satyldy
Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady