Aşgabat Moskwa Aşgabat gatnawy 28-nji oktýabra çenli togtadyldy

Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat Moskwa Aşgabat ugurlaryndaky gatnawlary togtadýar. Russiýa döwletine uçuşlar Aşgabat Kazan Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylar. Bu barada Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Moskwa Aşgabat ugry boýunça awiabiletleri bolan ýolagçylar awiabiletde görkezilen senä we wagta görä ugramazdan 3 sagat öň Kazana özi gelmeli.

Ýolagçylaryň isleglerine görä şu aşakdaky görkezilenler hödürlenýär:

1.Awiabiledi täzeden resmileşdirmek:

Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiabiletler, ýolagçynyň razylygy bilen, Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça tölegsiz täzeden ýazylyp berler.

Kassalarda awiabiledi täzeden resmileşdirmeginiň zerurlygy ýok. Ýolagçylar awiabiletde görkezilen senä we wagta görä Aşgabatda we Kazanda howa gämisine münmek üçin belligi alnyp bilerler.

2. Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy:

Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnawlara awiabiledini üýtgetmek islemeýän ýolagçylara, Awiakompaniýanyň häzirki hereket edýän düzgünlerine we görkezmelerine laýyklykda tutumsyz doly yzyna gaýtarylar.

Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe awiabilediň satyn alnan ýurdunda gaýtarylýar.

***

Russiýa Federasiýasyndaky satuw ofisleriniň salgylary

Kazan

Dekabristow köçesi 85.B “Relita” söwda merkezi

Iş wagty: Duşenbe-Anna 10.00-18.00-dan

Telefon: + 7 (843) 500-55-31

***

Moskwa

Domodedowo aeroportundaky ofis

Telefon: +7 (903) 243-22-50

Iş tertibi:

Duşenbe we penşenbe 10:00-19:00-dan

Sişenbe 15:00-23:00

Çarşenbe 15:00-22:00

Anna 05:00-15:00

Şenbe ýekşenbe 10:00-17.00-dan

***

Paweletskiý demir ýol menzilindäki ofis -3-nji gat, 35-nji otag

Telefon: +7 (915) 109-85-02

Iş wagty Duşenbe-Anna 10:00-19:00

Şenbe we ýekşenbe 10:00-17:00 aralygynda

Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti oňaýsyzlyk üçin ötünç soraýar we düşünendikleri üçin ýolagçylara sagbolsun aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Maryda tok kesilýär, adamlar jokrama yssyda kösenýär
Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi
Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar
Ysraýylly esgerleriň Gazadaky ýitgileri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär
Abu Ubeýde: "Ysraýylly ýesirleriň aglabasynyň ykballary näbelli" diýdi
BMG-nyň işgäri: "Ysraýyl Gaza berilýän kömekleri petikleýär" diýdi