Aşgabat SDAM-daky Çagalar oýun dünýäsi: dürli ýaşly çagalar üçin döwrebap attraksionlar hem-de oýun meýdançalary

Aşgabat SDAM-daky Çagalar oýun dünýäsi: dürli ýaşly çagalar üçin döwrebap attraksionlar hem-de oýun meýdançalary

Aşgabatda ýerleşýän Çagalar oýun dünýäsi oýun we dynç alyş merkezi ýaş myhmanlary ajaýyp hem täsirli başdangeçirmeleriň dünýäsine aralaşmaga çagyrýar! Aşgabat söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda çagalara häzirki zaman attraksionlar hem-de oýun meýdançalary garaşýar. Bu ýerde dürli ýaşdaky çagalar we ýetginjekler öz isleýän güýmenje oýunlaryny tapyp bilerler.

Bu ýerde kiçi ýaşly myhmanlara şular ýaly gyzykly güýmenjeler garaşýar:

- wirtual hakykat. Wirtual oýunlaryň ajaýyp dünýäsine aralaşyň we ýatdan çykmajak duýgulary başdan geçiriň.

- bamper awtoulaglary. Gyzykly ýaryşlary gurap, özüňizi hakyky ýaryşçy ýaly duýuň.

- ýumşak oýun meýdançasy. Bu çagalara bökmek, dyrmaşmak hem-de oýnamak üçin howpsuz we gyzykly ýer.

- oýunlar. Islendik görnüşli klassiki we häzirki zaman oýunlaryň giň saýlawy.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda Çagalar oýun dünýäsi merkezinde attraksionlaryň islendik birine 50% arzanladyş dowam edýär.

Mundan başga-da, mekdeplerden, çagalar baglaryndan we bilim merkezlerinden guramaçylykly gelýän toparlar üçin ýörite mümkinçilik hödürlenilýär: her bir çaga islendik attraksionda özboluşly bahadan — 1,5 sagadyna bary-ýogy 50 manat töleg töläp oýnap lezzet alyp biler!

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Müsüriň Prezidenti Sisi, Ýewropa Ýurtlarynyň Ysraýyla Basyş Etmegini Isledi
Eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly ene
Awazada bolsaňyz, hökman Soltan restoranyna baryp görüň
Dil özara gatnaşyklaryň guraly
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY
Bursa Döner Kebaby